Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ylham köşgi


Muzeý eksponatlary
Muzeý eksponatlary
18-nji maý – Muzeýleriň Halkara güni. Bu çäre ÝUNESKO, ýagny Magaryf, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Halkara guramasy tarapyndan 1977-nji ýylda esaslandyryldy. Şeýle çäräni geçirmek Muzeýleriň Halkara geňeşi tarapyndan öňe sürlüpdi.

Zerurlyk hakda

Dünýäde her düli muzeý bar. Olaryň aglaba köpüsi takyk bir ugra gönügip, şol ugurdan serişdeler toplaýar, olary gorap saklaýar we öz ugry boýunça ündew işlerini alyp barýar. Ýöne aýratyn muzeý bolýar, sen ogul-gyzyň elinden tutup, olary ilki şol ýere eltip, ony görkezmek isleýäň. Megerem, ol Politehniki muzeýidir.

Ylmy çeşmeleriň ýazmagyna görä, Politehniki muzeý köp halatda politehniki serginiň esasynda gurulýar. Ol ýurtda tehnikanyň emele gelşini, ösüşini, şol tehnikanyň peýdalanyşyny hem onuň gazananlaryny görkezýär. Şol wagtyň özünde ol tehniki gazananlaryň merkezi bolup-da hyzmat edýär.

Bize mälim bolan beýle medeni ojaklardan birini, Moskwanyň Politehniki muzeýini, aýratyn-da onuň tomaşa zalyny ýatlap bileris. Onuň medeniýetiň taryhy bilen berk baglanyşygy boldy. Ol ýerde çeper edebiýatyň hem sungatyň iň täze ugurlary köpçülige aýan edilipdi. Ol merkez diňe tehniki açyşlaryň sergisi bolman, medeniýetiň hem tribunasydy.

Bizdäki ýagdaý

Bir gezek dörediji adamlaryň arasynda Politehniki muzeý hakda gürrüň gidende, biri menden:

– Sizde Politehniki muzeý barmy? – diýdi.

Elbetde, “ýok” diýmeli boldum, ýöne muňa gynandym. Şol tehnikanyň özi ýok wagtynda, muzeýi nireden bolsun?! Bizde ony döretmek barada alada hem edilmändir. On tomdan ybarat Türkmen ensiklopediýasynda Politehniki muzeý barada makala ýok. Ýöne muzeýler barada ensiklopediýanyň 6-njy tomunyň 78-nji sahypasynda şeýle ýazylýar.

“MUZEÝLER – kompleksleýiş, saklaýyş işlerini amala aşyrýan, taryhy ýadygärlikleri öwrenýän hem-de olar barasynda halk arasynda düşündiriş işlerini geçirýän, maddy we ruhy medeniýeti – tebigaty, adamzat jemgyýetiniň ösüşini düýpli öwrenmek işleri bilen meşgullanýan ylmy, aň-bilim ýaýradyjy edara. Muzeýlerde çeper eserler, tebigy baýlyklaryň nusgalary, taryhy dokumentler saklanylýar we olar halk köpçüligine görkezilýär. Muzeýler dürli görnüşde (ülkäni öwreniş, taryh, memorial we ş.m.) bolýar…”

Görşümiz ýaly, bu ýerde Politehniki muzeýiň ady hem gelmeýär.

Ýok hem bar zat

Biziň topragymyzda ösen tehnika döredilmändir. Türkmenler haýsydyr bir tehnika “Şuny biz döretdik” diýip, eýe çykyp bilmese gerek. Muňa garamazdan, olaryň hünärmenlik tehnikasy bolupdyr. Şol sada tehnika şu günlere gelip ýetipdir. Beýleki tarapdan, adamzadyň gazananlaryny türkmenler peýdalanyp bilipdir. Olar tüpeň ýasap, däri öndürip, ok hem top atmagy başarypdyrlar. Dokma gurap, haly dokapdyrlar. Tarada ýüpekden hem nah ýüplükden mata dokapdyrlar. Keteni şol gadymyýetden bäri öz hilini peseltmän gelýär. Türkmenler dürli ösümliklerden ýag alypdyrlar, olar reňkdir boýaglary ýasap bilipdirler.

Bizde ösen tehnikanyň hem geň taryhy bar. Eýsem Soltan Sanjaryň ýa-da Tekeşiň mawzoleýi nähili guruldyka? Derýadan gurlan bentleri, suw howdanlaryny, suw harazlary nädip döretdilerkä? Ýeri gelende aýtsam, men Boldumsaz etrabynda açyk asmanyň aşagynda gurlan, suw desgalaryna degişli çaklaňja muzeýi görüpdim.

Soňky döwre nazar aýlasak, Türkmenistanda demir ýoluň gurluşygy 19-njy asyryň aýagynda, baryp 1880-nji ýylda başlanypdy. Bu gurluşygyň mysalynda beýik fransuz ýazyjysy J. Wern roman ýazdy. Emma bizde onuň aýratyn bir muzeýi-de ýok. 1914-nji ýyla çenli Türkmenistanyň çäginde 270 çemesi senagat kärhanasy gurlupdyr.

Ilkinjiler

Iň görnükli tehniki ýadygärlik, megerem, Türkmengala etrabyndaky Murgap derýasynyň ugrunda gurlan Gidro elektrik stansiýasy bolsa gerek. Ol 1009-1912-nji ýyllar aralygynda gurlupdy, häzirki günde-de bökdençsiz işläp, halk hojalygyna hyzmat edip dur. Eýsem bu täsin gurluşygyň özi baryp ýatan Politehniki muzeý dälmidir?

Türkmen topragyndan dünýädäki iň iri suw desgasy – Garagum kanaly akyp geçýär.
Şu günki günde tebigy gaz bilen işleýän Mary GRES-i Merkezi Aziýadaky iň iri elektrostansiýa hasaplanýar.

Häli-şindi ýatlanýanlary şular. Şol barlykdan çen tutulsa-da, Türkmenistanda Politehniki muzeýi döretmäge şert ýeterlikdir.

Çagalaryň hem ýaşlaryň ylmy gözýetimi şeýle medeni ojakdan başlansa, ol öz ýurdy, onuň geljegi barada nähili düýpli pikir edip bilerdi. Ýaş ynsanda Watan, onuň geljegi hem kuwwaty baradaky düşünje şeýle muzeýden başlanardy.

Sözlüklerde muzeý düşünjesiniň grekçe Muzanyň köşgi, Muzanyň mekany diýen sözden gelip çykandygy bellenýär. Muza bolsa, bilşimiz ýaly, gadymy dünýäniň düşünjesine laýyklykda sungata we ylma hemaýat edýän hudaýy hem ylhamy aňladýar. Şol ajaýyp sözden taryhy we estetiki ähmiýetli ýadygärlikleri ýygnap we gorap saklaýan, olary jemgyýete sergi edip görkezýän edara – muzeý emele gelipdir.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG