Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​"Çyraçylyk ýoň bolup barýar"


Tans edýän gyzlar.
Tans edýän gyzlar.
Soňky döwürde käbir sosial ulgamlarda çykýan maglumatlarda Türkmenistanda “çyraçylyk”, ylaýtada “çyraçy gyz” tendensiýasynyň göze ilýändigi görünýär. Özlerini “çyraçy gyz” ýa-da “bet gyz” diýip atlandyrýan gyzlaryň käbir sosial ulgamlarda goýan wideo ýazgylarynda ýa-da suratlarynda olaryň awto-ýaryşyny geçirişine, kalýan çekip, hereketli tanslary oýnap duran pursatlaryna hem duş gelse bolýar.

Aşgabatdaky habarçymyz Myrat Gurban “çyraçylyk” tendensiýasynyň 2007-nji ýyllarda paýtagtyň köçelerinde käbir ýaşlaryň özaralarynda awto-ýaryşlaryny geçirmegi netijesinde emele gelip başlandygyny we soňra-da özlerini “jalaý” alyp barýan käbir ýaşlara ýuwaş-ýuwaşdan “çyraçy” ýa-da “çyraçy gyz” adynyň dakylyp başlanandygyny aýdýar.

Ýokary bilimini Türkiýede dowam etdirýän türkmen talyby Bahar käbir ýaşlaryň arasynda bu tendensiýanyň ýaýramagyny ýurtda ýaşlaryň ünsüni çekip, olary güýmäp boljak başga degerli çäreleriň ýokdugy bilen düşündirýär.

Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynyň biriniň talyby Arslan bolsa, “çyraçy gyz” tendensiýasyny “erkinlik” sözi bilen düşündirýär. Onuň sözlerine görä, özlerini erkin alyp barýan käbir türkmen gelin-gyzlaryna “çyraçy gyz” diýilýär. Emma ol sosial ulgamlarda käbir türkmen gelin-gyzlarynyň öz milli däp-dessurlarymyzy ýatdan çykaryp, alkogolly içgileri aşa köp içip, serhoş bolup düşen wideo ýazgylaryna hem duş gelse bolýandygyny belleýär.

Mundan birnäçe ýyl öň ençeme ýyl Türkmenistanda ýaşap gaýdan amerikaly Silas Türkmenistanda “çyraçylyk” tendensiýasynyň täze zat däldigini aýdyp, munuň soňky döwürlerde has köp göze ilmeginiň sebäbini bolsa mobil telefonlaryň we internediň elýeterliligi bilen baglydygyny belleýär. Şeýle-de, ol şuňa meňzeş tendensiýalaryň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hem bardygyny sözüniň üstüne goşýar.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň. Garaýyşlaryňyza teswir bölüminde garaşýarys.
please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG