Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident serhediň goragyndan nägile


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň işini tankyt edip, olara Türkmenistanyň döwlet serhediniň talabalaýyk goralmaýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Altyn asyr” telekanalynyň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow bu aladasyny degişli ýolbaşçylar bilen 2-nji iýunda geçiren wideogörnüşli ýygnakda beýan etdi.

Habarda aýdylyşyna görä, prezident Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysy Myrat Yslamowa we onuň orunbasary Eýeberen Batyr Durdyýewiçe serhediň goraglylygynyň doly üpjün edilmänligi üçin berk käýinç berip, bu ugurdaky kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, onda olaryň öz wezipelerinden boşadyljakdygyny duýdurdy.

“Altyn asyryň” habarynda gürrüňi edilýän kemçilikler hakda jikme-jik maglumat berilmeýär, şeýle-de bu ugurdan Serhet gullugynyň ýolbaşçylarynyň aýdanlary hakda hem maglumat ýok. Emma prezidentiň bu duýduryşlary ýaňy-ýakynda türkmen-owgan serhedinde bolup geçen ýakymsyz hadysalaryň yz ýanyndaky wagta gabat geldi.

Owgan resmilerinden alnan maglumatlara görä, 24-nji maýda Owganystanyň Bathyz welaýatynyň Bala Murgap obasynyň Türkmenistan bilen serhetleşýän böleginde Owganystanda ýerleşýän söweşijiler tarapyndan üç sany türkmen esgeri atylyp öldürildi.

Şol welaýatyň Gormaç etrabynyň häkiminiň wezipesini ýerine ýetiriji Asyl Hanyň Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatyna görä, Bala Murgap obasy tarapyndan gelen eli ýaragly adamlar Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçip, üç sany türkmen serhetçisini atyp öldüripdirler hem-de olaryň ýaraglaryny olja alypdyrlar.

“Üç serhetçini öldürdiler”

Asyl Han bu barada şeýle diýýär: “Haçan-da maňa bu barada maglumat gelip gowşanda, men ony Bala Murgap etrabynyň howpsuzlyk güýçlerinden soradym. Maňa berlen maglumata görä, Murgap etrabyna degişli serhediň 38-nji nokadynda, Akazaý atly obadan bir ýaragly topar Gulamdestegir Topanyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň serhedini bozup, aňry geçipdir. Bize gowşan maglumata görä, olar Türkmenistanyň üç serhetçisini atyp öldürip, türkmen esgerlerine degişli iki sany awtomaty we bir sany agyr pulemýoty alyp gaýdypdyrlar”.

Mundan ozal Owganystanyň Bathyz welaýatynyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Mukur etrabyndan hem käbir ýaragly adamlar araçäkden geçip, üç sany türkmen esgerini Türkmenistanyň öz territoriýasynda atyp öldüripdiler.

26-njy fewralda bolandygy aýdylan şol waka hakda Bathyz welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili Mirwais Mirzakwal Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň habarçysyna şeýle maglumat beripdi: “Tor Şaýyh etrabynda hereket edýän Mowlawi Abdylla atly “Talyban” hereketiniň komandiriniň ýolbaşçylygyndaky topar mundan ozalam Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri bilen hem wagtal-wagtal çaknyşýardy. Olar bu gezek Türkmenistanyň territoriýasyna girip, türkmen serhetçileriniň üstüne hüjüm edipdirler. Wakada türkmen serhetçilerinden üçüsi wepat bolupdyr. Bize gowşan maglumatlara görä, bu hadysada Türkmen serhetçilerinden ýene-de birki sanysy ýaralanypdyr”.

R.Meredow Kabulda

Bu wakalar hakda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde halka hiç hili maglumat berilmeýär. Emma şol wakalardan soň, 28-nji maýda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem duýdansyz ýagdaýda Owganystana sapar edip, serhediň howpsuzlygy barada owgan resmilerine öz aladasyny bildirdi.

Owganystanyň prezident apparatynyň bu barada ýaýradan maglumatyna görä, prezident Karzaý Raşid Meredow bilen bolan duşuşykda, onuň iki döwletiň araçäginde dörän ýagdaý bilen baglanyşykly bildiren aladalaryna düşünmek bilen jogap berip, Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerine bu barada degişli çäreleri görmegi tabşyrypdyr.

Türkmen esgerleriniň üstüne edilýän bu hüjümleriň kimler tarapyndan, näme maksat bilen amala aşyrylýandygy hakda takyk maglumat ýok. Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir synçylar demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk ýagdaýlarynyň barha erbetleşip barýandygyndan habar berýärler. Türkmenistan bilen Owganystanyň serhet liniýasynyň uzynlygy 744 kilometere barabardyr.
XS
SM
MD
LG