Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Odnoklassniki.ru”-da dörän jedelden soň täjik okuwçysy öldürildi


Duşenbäniň köçeleriniň birindäki ilat.
Duşenbäniň köçeleriniň birindäki ilat.
Ozalky Sowet Soýuzynyň territoriýasyndaky internet ulanyjylaryň arasynda giňden ýaýran “Odnoklassniki.ru” atly ors sosial ulgamy boýunça onlaýn gürrüňdeşlik wagtynda iki sany täjigistanly mekdep okuwçysynyň arasynda tutaşan düşünişmezlik ol okuwçylaryň biriniň öldürilmegine sebäp boldy.

Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatynda okuwçynyň öldürilmegi bilen bagly derňew işleriniň başladylandygy aýdylýar. Täjik ministrliginiň maglumatyna görä, 30-njy maýda Duşenbe şäheriniň ýaşaýjysy, 57 ýaşyndaky Şamsiddin Zaripow özüniň 17 ýaşyndaky oglunyň nämälim adamlar tarapyndan urlup-ýenjilendigini we pyçaklanandygyny habar beripdir. Duşenbäniň Alişir Nowaýy adyndaky köçesinde bolan bu wakadan soň, okuwçy keselhanada aradan çykýar.

Şondan bir gün soň, ýagny 31-nji maýda bu waka gatnaşygynyň bardygy güman edilip, ýurduň polisiýasy Duşenbäniň liseýlerinde we orta mekdeplerinde okaýan dokuz okuwçyny, şol sanda 1995-nji ýylda doglan duşenbeli Bahrullo Asoýewi tussag etdi.

“Ýekeme-ýek” uruş

Duşenbäniň 66-njy orta mekdebiniň ýolbaşçylarynyň berýän maglumatyna görä, pyçaklanyp öldürilen Burhoniddin Zaripow gürrüňi edilýän mekdebiň 11-nji klasynyň okuwçysy eken. Mekdep resmileriniň berýän maglumatynda “Odnoklassniki.ru” sosial ulgamyndaky konfliktiň hakykatda Zaripow bilen däl-de, onuň klasdaşy Azam Rabiýew bilen 24 ýaşyndaky oglanyň arasynda bolup geçendigi aýdylýar. Gürrüňi edilýän oglan Azam Rabiýewi “ýekeme-ýek” urşa çagyrypdyr.

Mekdep wekiliniň berýän maglumatyna görä, Azam urşa ýeke gitmändir. Ol öz klasdaşy Burhoniddine telefon edip, Duşenbedäki Abu Ali Ibn Sina atly ýadygärligiň ýanyna gelmegi sorapdyr, ýöne ol uruş barada oňa öňünden hiç zat duýdurmandyr.

Ministriň sapary

2-nji iýunda Täjigistanyň bilim ministri Nuriddin Saidow gürrüňi edilýän okuwçynyň okaýan Sina etrabyndaky 66-njy mekdebe bardy. Ol bu waka barada mugallymlar we okuwçylar bilen gürrüňdeşlik geçirdi.

Täjigistanyň Bilim ministrliginiň adyny aýtmakdan saklanan metbugat wekili 2-nji iýunda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda 30-njy maýda Duşenbe şäherindäki orta mekdebiň 11-nji klas okuwçysynyň pyçaklanyp öldürilendigini aýtdy.

Jogapkär ýolbaşçylaryň berýän maglumatyna görä, soňy pajygaly gutaran hüjüm “Odnoklassniki.ru” sosial ulgamynda nämälim tema boýunça iki okuwçynyň arasynda dörän jedelden soň bolup geçipdir.

Bilim ministrliginiň wekili gürrüňi edilýän wakanyň 30-njy maýda sagat 19:00 töwereginde bolup geçendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG