Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň temmäki göreşi sylag aldy


Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropa boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Žužanna Jakab
Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropa boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Žužanna Jakab
Prezident Berdimuhamedow BMG-niň Bütindünýä saglyk guramasynyň baýragy bilen sylaglandy. Dünýä saglyk guramasy Türkmenistanyň temmäkä garşy göreşiniň üstünlikli bolandygyny aýdyp, temmäki önümleriniň gymmatlygyny, ýurtda çilimkeşlik derejesiniň peselendigini belläp geçdi. Resmi maglumatlara görä, türkmen hökümeti 2025-nji ýyla çenli ýurdy çilimkeşlikden doly azat etmegi göz öňünde tutýar.

BMG-niň Bütindünýä saglyk guramasy Türkmenistanyň prezidentini onuň dünýäde temmäkä garşy alnyp barylýan göreşe goşant goşandygy üçin sylaglandygyny habar berýär. Guramanyň bu sylagy 1988-nji ýyldan bäri ýylda döwlet ýolbaşçylaryna we bilermenlere berilýär.

Guramanyň Ýewropa boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Žužanna Jakab Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde görkezilen çykyşynda, hususan-da, şeýle diýdi: "Bütindünýä saglygy goraýyş gurmasy bilen gecirilen barlaglaryň netijesine görä, Türkmenistanyň uly ýaşly ilatynyň arasynda cilim cekmegiň ýaýramagynyň derejesi Ýewropa sebiti boýunça iň pesi bolup durýar".

Çilimiň bahasy

Türkmenistanda çilimiň bahasynyň ýokary bolmagynyň temmäkä garşy göreşde ähmiýetiniň uludygy aýratyn nygtaldy. Ýurtda temmäki önümleriniň bahasynyň Merkezi Aziýa we GDA giňişliginde iň gymmat derejededigi bellenildi. Resmi maglumatlarda ýurtda çilimiň bir gutusynyň 10 manada durýandygy aýdylyp, çilimiň bahasy benziniň bahasy bilen deňeşdirilýär we çilimiň bahasynyň ýangyjyň 1 litriniň bahasyndan 18 esse gymmatdygy tekrarlanýar.

Bütindünýä saglyk guramasynyň sylagyna eýe bolan prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanda çilim çekýänleriň sanynyň azalýandygyny we onuň dünýäde temmäkini ulanmak boýunça iň pes görkezijili ýurtdugyny aýdýar.

Türkmenistanda temmäkä garşy göreşde gazanylan üstünlikleriň arasynda 2000-nji ýylda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmäge gadagançylygyň girizilmegi, 2004-nji ýylda ýurtda nasyň köpçülik ýerlerinde ulanmagynyň gadagan edilmegi, 2008-nji ýylda ýurtda nasyň önümçiliginiň, söwdasynyň, ulanylmagynyň we ýurda getirilmeginiň doly gadagan edilmegi, 2011-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň
Bütindünýä saglyk guramasynyň Temmäkiniň üstünden gözegçilik boýunça şertli konwensiýany ratifisirlemegi, “2012-2016-njy ýyllar üçin milli plany” işläp düzmegi we 2013-nji ýylda “Raýatlaryň saglygyny çilim tüssesinden we temmäki önümleriniň ulanylmagynyň netijelerinden goramak” hakynda kanunyň kabul edilmegi sanalyp geçildi.

Resmi maglumatlarda Türkmenistanda 2012-nji ýylda çilimi taşlamak isleýänlere ýardam bermek üçin jemi 9 sany “Ynam” atly merkeziň döredilendigi, olaryň dördüsiniň Aşgabatda we bäşisiniň regionlarda ýerleşýändigi barada habar berildi.

Türkmenistanyň halkara kepilnamalary

1992-nji ýylda Bütindünýä saglyk guramasyna agza bolan Türkmenistan halkara kepilnamalaryň birnäçesine eýe.

Türkmenistan 2000-nji ýylda drakunkulez, ýagny adamyň derisinde döreýän gurçuk keselini ýok etmek boýuna halkara sertifikat kepilnamasyny aldy. 2002-nji ýylda çagalaryň poliomielit ysmaz keselini ýok etmek boýunça halkara sertifikata, 2004-nji ýylda duzy ýodlaşdyrmak barada we 2010-njy ýylda malýariýa, ýagny ysytma keselini doly ýok etmek barada halkara kepilnamalaryna eýe boldy.

Türkmenistanyň prezidenti halkara kepilnamalarynyň ýurduň ägirt uly üstünlikleriniň ykrar edilmeginiň alamatydygyny belledi.

Türkmen metbugatynyň berýän habaryna görä, Bütindünýä saglyk guramasynyň ýardamy bilen Türkmenistanyň hökümetiniň 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäkiden doly azat etmek maksady bar.

Käbir maglumatlara görä, dünýäde çilim çekmek bilen bagly kesellerden ýylda 6 million çemesi adam ýogalýar.
XS
SM
MD
LG