Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Pile üçin tut agaçlary ýetmeýär"


Ýüpek gurçuklary.
Ýüpek gurçuklary.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow hepdäniň başynda geçiren hökümet maslahatynda beýleki meseleler bilen bir hatarda, ýurtda bellenilen pile plany dogrusynda hem durup geçdi. Prezident Daşoguz welaýatynyň kesgitlenen pile mukdaryny wagtynda dolup bilendigini gutlap, şol bir wagtda käbir welaýatlarda pile öndürmek boýunça tabşyryklaryň doly ýerine ýetirilmändigine nägileligini bildirdi. Munuň bilen baglylykda, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowa hem berk käýinç berildi.

Prezident Berdimuhamedow şol bir wagtyň özünde pile öndürilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin ýurduň dokma senagaty ministri S.Batyrowyň işine hem nägilelik bildirdi.

Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan kärendeçi daýhanlaryň birnäçesi sebitlerde pile ýetişdirmek üçin zerur bolan tut agaçlarynyň ýetmezçilik edýändigini, bar bolanlaryň hem belli bir böleginiň çapylyp aýrylandygyny belleýärler.

Lebaply 53 ýaşyndaky kärendeçi Patma Hudaýbergenowa Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş bolup, pile ýetişdirmegiň aýratynlyklary we kynçylyklary barada gürrüň berdi. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:54 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG