Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Awazada şertler gowy, emma gymmat"


"Awaza" syýahatçylyk zolagy.
"Awaza" syýahatçylyk zolagy.

Tomsuň gelmegi bilen aglaba adamlaryň, hususanda talyp ýaşlaryň dynç alyş möwsümi başlady. Mälim bolşy ýaly Türkmenistanda ýaşlaryň tomus aýlarynda dynç almagy üçin Awazada hem-de Gökdere jülgesinde binäçe ýöriteleşdirilen dynç alyş we sagaldyş merkezleri açyldy. Bu ýerlerde ýaşlaryň dynç almaklary üçin ähli amatly şertleriň döredilendigi aýdylýar.

Emma ýokary bilimini Türkiýede dowam etdirýän türkmenistanly Maksat “Awazada dynç almak üçin şertleriň gowudygyny, emma ol ýerde galmak üçin nyrhlaryň gymmatdygyny” belleýär.

Täze Tolkun gepleşiginiň nobatdaky sanynda häzirki wagt Türkmenistanda ýaşlaryň tomusky dynç alyş aýlarynda dynç almaklary üçin bar bolan mümkinçilikler, şol mümkinçilikleriň elýeterliligi barada gürrüň etdik.

Türkmen ýaşlary Merjen we Maksat, şeýle-de Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurban bilen geçirilen söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:30:00 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG