Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Etniki türkmenleriň ahwaly


Siriýadaky etniki türkmenler. Alleppo, 1-nji ýanwar, 2013.
Siriýadaky etniki türkmenler. Alleppo, 1-nji ýanwar, 2013.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda dünýäde bolup geçýän möhüm wakalar, şol sanda daşary ýurtlardaky etniki türkmenleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada ýeterlik maglumat berilmeýändigi aýdylýar.

Bilnişi ýaly, soňky hepdelerde Yrakda garaşylmaýan üýtgeşmeleriň ýüze çykmagy bilen, hemmeleriň ünsi täzeden Ýakyn Gündogar sebitine gönükdi.

Yragyň we Siriýanyň territoriýasynda bir dini döwlet döretmek isleýändiklerini aýdýan, özlerini Yragyň Yslam döwleti we Lewant atlandryrýan dinçi guramanyň ýaragly toparlary, gelip gowuşýan habarlara görä, Siriýadaky etniki türkmenlerden soň Yrakda ýaşaýan etniki türkmenlere hem uly howp salmaga başlady.

Azatlyk Radiosynyň “Dünýä türkmenleri” gepleşiginiň nobatdaky sany soňky wakalaryň Yrakda we Siriýada ýaşaýan etniki türkmenleriň durmuşyna, howpsuzlyk ýagdaýyna ýetiren täsirine bagyşlanýar.

Eýsem häzirki emele gelen anyk şertlerde yrak hem siriýa türkmenleriniň ýaşaýyş-durmuşy nähili, olara nähili kömek-ýardam berilýär?

Mundanam başga, olaryň häzirki pursatda halkara jemgyýetçiliginden, dünýä türkmenlerinden islegleri, arzuwlary näme?

Azatlyk Radiosynyň yrak we siriýa türkmenleri hakynda taýýarlajak gepleşigine gatnaşmak, öz pikirdir bellikleriňizi eşitdirmek isleýän bolsaňyz, forumda teswir galdyryň, bize hat ýazyň. Biziň hat salgymyz: hat@azatradio.org

XS
SM
MD
LG