Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýada master okamak isleýärsiňizmi?


“International Water Center”, ýagny Halkara suw merkezi (HSM) Awstraliýada masterlik bilimini almak üçin halkara studentlerine stipendiýaly okuw mümkinçiliklerini hödürleýär.

Gürrüňi edilýän merkeziň stipendiýaly okuwlaryna arza kabul edişlik 1-nji awgusta çenli dowam eder we oňa kabul edilenler 2015-nji ýylyň fewral aýyndan başlap okuwa başlarlar diýip, “Scholarships for development” websahypasynda habar berilýär.

HSM-niň Masterlik stipendiýalary Integrirlenen, ýagny Birleşdirilen suw üpjünçiligi boýunça masterlik derejesini almaklary üçin her ýyl ýerli we halkara studentlerine berilýän abraýly stipendiýa programmasydyr diýip, gürrüňi edilýän websahypada bellenilýär.

Integrirlenen suw üpjünçiligi boýunça masterlik okuwlaryna kabul edilen studentler Awstraliýanyň Brisbane şäherindäki “University of Queensland” uniwersitetinde okarlar.

Gürrüňi gidýän websahypada berilýän maglumata görä, “Global Water Partnership”, ýagny “Global suw hyztmatdaşlygy” guramasy we Halkara suw merkezi tarapyndan doly stipendiýaly okuwa 85 ýurtdan jemi dört adam kabul ediler.

Stipendiýanyň möçberi

Websahypada studentleriň Awstraliýadaky okuwynyň, saglyk ätiýaçlandyryşynyň, wiza çykdajysynyň we 15 aý üçin jemi 20 müň ýewro möçberindäki stipendiýanyň “Global suw hyzmatdaşlygy” we Halkara suw merkezi tarapyndan üpjün ediljekdigi bellenilýär. Agzalan bu goldawlar okuwa kabul edilmegi göz öňünde tutulýan dört studentiň ikisine berler.

Arzasy kabul edilen beýleki iki studentiň okuwynyň we saglyk ätiýaçlandyryşynyň çykdajylary bolsa Halkara suw merkezi tarapyndan berler.
Maglumatda agzalýan stipendiýadan peýdalanmak üçin studentiň “University of Queensland” arkaly Integrirlenen suw üpjünçiligi boýunça masterlik programmasyna hem arza tabşyrmalydygy we oňa girmek üçin talap edilýän düzgünler bilen tanyşmalydygy bellenilýär.

Bu stipendiýaly okuwa girmek üçin abituriýentden onuň masterlik okuw programmasy bilen ugurdaş ýokary okuw jaýyny gutarandygy barada diplomynyň, ýokary okuw jaýyny tamamlandan soň masterlik okuwyna degişli ugur boýunça iki ýyl iş stažynyň, iňlis dili boýunça ussatlyk derejesiniň bolmalydygy talap edilýär.

Awstraliýada masterlik okuwyna arza tabşyrmak üçin goşmaça maglumatlary "International Water Center" websahypasyndan okap bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG