Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýurtda internet dükanlary meşhur däl"


Kredit kartoçkasy we kompýuter.
Kredit kartoçkasy we kompýuter.

Internet – bütin dünýäde bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda hem giňden peýdalanylyp başlanyldy. Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlarda ýurtda internediň hiliniň belli bir derejede pesdigi aýdylsa-da, ýaşlaryň internet arkaly sosial ulgamlardan işjeň peýdalanýandygy, hatda dürli-dürli saýtlary, şol sanda internet arkaly söwda edilýän internet dükanlaryny hem döredýändikleri bellenilýär.

Internetdäki bu türkmen dükanlarynyň käbirlerinde azyk harytlary satylýan bolsa, käbirlerinde geýim-gejim, elektron enjamlar, kosmetika serişdeleri ýaly harytlar satylýar.

Eýsem, şeýle saýtlaryň sanynyň köpelmegi Türkmenistanda ilatyň internet dükanlaryna bolan talabynyň artandygyny aňladýarmy? Siz türkmen internet dükanlaryndan söwda edip gördüňizmi? Şeýle-de, türkmen ýaşlary internet dükanlaryndan söwda etmek medeniýetine nähili garaýarlar? Onuň nähili oňaýly we oňaýsyz taraplary bar?

Täze Tolkun gepleşiginiň nobatdaky sanynda bu soraglara ýokary bilimini daşary ýurtlarda dowam etdirýän türkmenistanly ýaşlar Humaý we Azat hem-de Aşagabatdaky habarçymyz Myrat Gurban jogap berýär. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

"Ýurtda internet dükanlary meşhur däl"
please wait

No media source currently available

0:00 0:30:00 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG