Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Milli saz az diňlenýär"


Türkmen ýaşlarynyň käbirleri soňky döwürlerde türkmen milli aýdym-sazynyň az diňlenýändigini aýdýarlar.
Türkmen ýaşlarynyň käbirleri soňky döwürlerde türkmen milli aýdym-sazynyň az diňlenýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda asyrlara geçip gelýän milli aýdym-saz medeniýeti bar. Türkmenler gadymlardan bäri dutarda ýa-da tamdyrada, gyjakda, tüýdükde, gopuzda saz çalyp aýdym aýdypdyrlar, küşt depipdirler.

Eýsem, şu günki günde türkmen ýaşlary halk däplerine esaslanýan aýdym-saz medeniýeti, milli saz gurallary bilen näderejede gyzyklanýar? Ýaşlaryň arasynda bu saz gurallarynda saz çalmagy öwrenmek, köne halypalaryň aýdym-saz däplerini dowam etdirmek bilen gyzyklanýanlar köpmi? Şonuň bilen birlikde milli aýdym-saz medeniýetiniň ýaşlaryň arasynda diňlenişi nähili?

Täze Tolkun gepleşiginiň şu sanynda bu soraglara ýokary bilimini daşary ýurtlarda dowam etdirýän türkmen ýaşlary Arslan, Aýjahan we Maksat jogap berýär. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz. Garaýyşlaryňyza aşakdaky teswir bölüminde garaşýarys.

"Milli saz az diňlenýär"
please wait

No media source currently available

0:00 0:30:00 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG