Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmenistan innowasiýada yza galýar'


Aşgabatda guralan sergiden bir pursat

2014-nji ýylyň Global innowasiýalar indeksiniň awtorlary Merkezi Aziýa ýurtlaryna örän yzdaky orunlary beripdirler.

Täjigistan, Özbegistan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlar innowasiýalar derejesi boýunça dünýä ýurtlarynyň 100-ligine hem girip bilmän, sanawa giren 143 ýurduň içinde 137-nji, 128-nji we 112-nji orunlary alypdyrlar.

Gazagystan öz goňşularyndan öňe saýlanyp, 79-njy orny alypdyr. Azerbaýjan bolsa bu görkezijide 101-nji orny eýeläpdir. Emma Türkmenistana hiç bir dereje berilmändir.

Innowasiýalar indeksinde Estoniýa 24-nji, Latwiýa 34-nji, Litwa 39-njy orny eýeläpdir. Hatda Moldowa, Orsýet hem 43-nji we 49-njy orunlary alypdyr.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda innowasiýa meselesi we bu ugurdaky kynçylyklar barada ýerli synçy Nurberdi Nurmämmediň pikirlerini sorady.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:02 0:00
Ýükle

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG