Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýaşlaryň dilini ýoýmaga ýol açylýar”


"Ýaşlaryň dilini ýoýmaga ýol açylýar”
"Ýaşlaryň dilini ýoýmaga ýol açylýar”

Türkmenistanda türkmen diliniň doly döwlet dili durumyna eýe bolanyna 20 ýyldan gowrak wagt geçdi. Şol döwürde türkmen ýaşlarynyň türkmen dili bilen bir hatarda rus, iňlis dillerini hem kämil öwrenmelidigi wagyz edildi.

Emma şu geçen ýyllaryň içinde ýaşlaryň arasynda türkmen dili boýunça sowatlylygyň alada döredýän ýagdaýlarynyň göze ilip başlandygy aýdylýar. Mysal üçin, daşary ýurtlarda okan ýaşlaryň rus, türk ýa-da iňlis dillerini gowy öwrenip, muňa derek türkmençesini ýitirýän ýa-da türkmençe gowy gürläp we ýazyp bilmeýän halatlarynyň hem köpelendigi aýdylýar.

Eýsem, bu ýerde nähili mesele bar? Eger Türkmenistan özbaşdak bir döwlet bolsa, türkmen dili hem onuň döwlet dili bolsa, Türkmenistanyň sowatly ýaşlarynyň türkmençe kämil gürläp hem ýazyp bilmegi zerurulykmy? Ýa-da olar öz gepleşik dillerinde garyşyk sözleri hem ulanyberseler bolýarmy? Bu barada ýaşlar näme pikir edýär? Dili goramak üçin nähili işler edilmeli?

Bu soraglara Täze Tolkun gepleşiginiň nobatdaky sanynda ýokary bilimini daşary ýurtlarda dowam etdirýän türkmen ýaşlary Bahar, Azat we habarçymyz Ýeňiş Hudaýberdi jogap berdi. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Täze Tolkun: “Ýaşlaryň dilini ýoýmaga ýol açylýar”
please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG