Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tegelek stol: Kanunlar we karamlyklar


Tegelek stol: Kanunlar we karamlyklar
please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle

Ýanwaryň başyndan Türkmenistanyň adminstratiw düzgün bozmalar hakyndaky kodeksine girizilen düzedişler we goşmaçalar güýje girdi. Bu kanun 590-dan gowrak maddadan ybarat bolup, oňa täze girizilen maddalaryň sanynyň 270-den geçýändigi habar berilýär. Prezident G.Berdimuhamedow bu kanuna geçen ýylyň noýabrynda gol çekipdi. Kodekse girizilen düzedişler we goşmaçalar ýurtda adminstratiw düzgün bozmalaryň azalmagyna gönükdirilen, emma bu ugurdaky kanunçylygyň berkidilmegi, şol sanda adminstratiw düzgün bozmalar boýunça salynýan jerimeleriň möçberiniň artdyrylmagy ozaldan hem az hasaplanmaýan alym-berimi, kanun goraýjy gulluklaryň işgärleriniň arasynda öz gulluk ýagdaýyndan bikanun peýdalanmaga çalyşýan adamlaryň sanyny has köpeldip biler diýen aladalar bar. Azatlyk Radiosynyň bu baradaky ýörite söhbetini diňläp, pikirleriňizi, hökümet resmileriniň gatnaşmagyndaky korrupsiýa bilen bagly tejribeleriňizi paýlaşsaňyz, biz sizden hoşal bolarys.

XS
SM
MD
LG