Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä Türkmenleri: Migrant gelinler ýurda başgaça garaýar


 Dünýä Türkmenleri: Migrant gelinler ýurda başgaça garaýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda dörän ykdysady kynçylyklar, hususan-da işsizlik, korrupsiýa problemalary, kanunçylygyň pese gaçmagy ýaly sosial meseleler müňlerçe türkmenistanlyny, şol sanda aýal maşgalalary hem iş, gazanç, okuw, kadaly durmuş gözleginde daşary ýurtlara çykmaga we şol ýerlerde uzak wagt galmaga mejbur etdi. Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň nobatdaky synyny daşary ýurtlarda işleýän migrant gelinleriň gatnaşmagyndaky söhbetdeşlik esasynda gurnady. Türkmenistanly gelinler daşary ýurtdaky durmuşyň migrant işçilere berýän güzap-külpetleri barada aýdyp, yza, watana dolansalar, mundan hem kyn ýagdaý, öňki işsizlik, adalatsyzlyk  bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan howatyr edýändiklerini aýtdylar. Olaryň içinde daşary ýurtlarda okan zenanlar hem bar. Şeýlelikde, olar raýatyň pikir, söz hukugy barada gürrüň etmegiň zerurlygyny orta atýarlar. Şeýle-de olar indi Türkmenistandaky ýagdaýa başgaça göz bilen seredýändiklerini, şol bir wagtda yzda galan hossarlaryna hem kömek edesleriniň gelýändigini, emma häzir munuň çäresini tapmaýandyklaryny gürrüň berdiler.

XS
SM
MD
LG