Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tegelek stol: Türkmen-owgan serhedi: Berklik nämede?


Tegelek stol: Türkmen-owgan serhedi: Berklik nämede?
please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle

Owganystandaky halkara güýçleriniň 2014-nji ýylyň aýagynda bu ýurtdaky söweş güýçlerini doly çykarmaga taýýarlanmagy goňşy  ýurtlaryň öňünde «talyban» howpuna garşy, belli bir derejede, özbaşdak durmak aladasyny goýýar. Ikinji tarapdan, bitarap Türkmenistanyň goranyş ukyby, harby kuwwaty, ýaş  türkmen goşunynyň tälim-taýýarlygy barada hem öwgüli habarlar az. Şol bir wagtda Owganystanyň demirgazygynda, türkmen-owgan serhedinde ýaşaýan etniki türkmenleriň bir bölegi «talybana» garşy durup biljeklerini, umuman bu işde Türkmenistana ýardamçy boljaklaryny aýdýarlar. Bu meselä bagyşlanan söhbete kabuldaky habarçynyz Şamerdanguly Myrady, ozal Oganystanda gulluk eden esger Halmyrat Söýünow, ýerli synçy Nurberdi Nurmämmet gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG