Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Tolkun: “Halkyň agzybirligine şaýat boldum”


Täze Tolkun: “Halkyň agzybirligine şaýat boldum”
please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle

Täze Tolkun gepleşigimiziň bu hepdeki sanynda Ukrainadaky we Gyrgyzystandaky syýasy agdaryşyklyklara şaýat bolan türkmen ýaşlary bilen söhbetdeşlik geçirdik.  Ýokary bilimini Ukrainada dowam etdirýän türkmen talyby Arslan: “MenUkrainada halkyň agzybirligine, dost-dostuň elinden tutup ýurduň syýasatyna aktiw gatnaşýandygyna şaýat boldum” diýip, Ukrainadaky syýasy agdaryşyklarda şaýat bolan pursatlaryny gürrüň berýär. Gyrgyzystanda okaýan türkmen talyby Azat bolsa: “Ukrainada-da, Orsýetde-de Türkmenistandaky ýaly diktatura ýok. Bu ýurtlarda her kim öz islän zadyny erkin aýdyp bilýär. Şonuň üçin bu ýurtlarda rewolýusiýa bolýar. Türkmenistanda hiç haçan bular ýaly zat [rewolýusiýa] bolmandy” diýýär. Ýokary bilimini Orsýetde dowam etdirýän Arslanlynyň, Azadyň we Arslanyň beren gürrüňlerini diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG