Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Tolkun: "Mejbury sport, ters netije berýär"


Täze Tolkun: "Mejbury sport, ters netije berýär"
please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle

Türkmenistanda “Saglyk we Sport” aýy dowam edýär. Bu aý mynasybetli müňlerçe raýat ýurduň parklaryna gezelenje çykarylýar we olar özleriniň iş ýerlerinde gurnalýan bedeni berkidiş çärelerine gatnaşdyrylýarlar. Ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda bu çärelere gatnaşdyrylýanlaryň we gürrüňi edilýän sport maşyklaryny ýerine ýetirilmeli edilýänleriň bolsa mekdep okuwçylary we ýokary okuw jaýynyň talyplarydygy aýdylýar. Täze Tolkun gepleşigimizde bu aýyň başlanmagy bilen paýtagt Aşgabatda we Lebap welaýatynda göze ilýän üýtgeşiklikler barada Türkmenistandaky habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolduk. Şeýle-de, ýurtda dowam edýän sport aýy mynasybetli geçirilen çäreleriň birine gatnaşan lebaply ýaşlaryň biri Serdar bilen hem söhbetdeş bolduk. Ol gatnaşan şol çäresinde adamlaryň ýasama hereket edendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG