Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tegelek stol: "Magtymguly" diýip, adym tutsalar...


Tegelek stol: "Magtymguly" diýip, adym tutsalar...
please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle

Magtymguly Pyragy «Aýdan sözüňe pyglyň bolmasyn ýalan, köňlüm» diýipdir. Magtymgulynyň goşgular diwany asyr aşyp, Stalin döwründe zorlukly kollektiwleşdirmä garşy göreşe çykan we «basmaçy» hökmünde öldürilen halk gozgalaňçylarynyň ýanyndan hem tapylypdyr, 1941-45-nji ýyllaryň urşunda nemes faşistlerine  garşy söweşen türkmen esgerleriniň goşhaltasynda hem «ýaralanypdyr». Türkmenistanyň türmelerinde hem Magtymgulynyň goşgularynyň köp okalýandygy, daşary ýurtlara gidýän türkmenistanlylaryň käbiriniň bolsa, başga ýük alman, Magtymgulynyň kitabyny ýanlaryna göterýändigi aýdylýar.   Magtymgulynyň goşgy setirlerini doga ýaly gaýtalap gezýän, onuň durmuş, ýaşaýyş pelsepesini ýüregine hem aňyna ýazan adamlaryň halk içinde, ýönekeý adamlaryň arasynda hem kän duşýandygy aýdylýar. Magtymgulynyň goşgular diwany Eýranda, Owganystanda ýaşaýan türkmenleriň hem arzyly kitaby bolupdyr. Şol bir wagtda Magtymguly Ýewropada, günbatar ýurtlarynda ýaşaýan türkmenleriň hem arzyly şahyry, onuň döwet galamyndan çykan eserler elden-ele, dilden geçirilip, daşbasma, çaphana ýollaryny geçip, internet asyrynda täze, has giň mümkinçiliklere eýe bolýar. Ýöne biz türkmenler Magtymgulyny başga halklaryň öz beýik şahyrlaryny öwrenişi ýaly öwrenip bilmeýäris diýýänler hem bar. Azatlyk radiosynyň nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligi şu meselä bagyşlandy. Söhbetedeşligi diňläň, pikir alşyň, beýik Magtmygulynyň galdyran akyl mirasyna eýe çykmakda, ony özüňize we özüňizden soňky gelýän nesle, çagalaryňyza elýeterli etmekde siz näme edip biljek?

XS
SM
MD
LG