Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Tolkun: "Sport ösmän, kiseler galňaýar”


Täze Tolkun: "Sport ösmän, kiseler galňaýar”
please wait

No media source currently available

0:00 0:30:00 0:00
Ýükle

Türkmen metbugatynda çykýan habarlarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen Türkmenistanda sportuň ösdürilmegi üçin ençeme çäreleriň durmuşa geçirilýändigi aýdylýar. Şol maglumatlarda sport mekdepleriň, stadionlaryň, suw toplumlarynyň açylyş dabaralary bellenilip geçilýär. Emma muňa garamazdan, türkmen sportunyň üstünlikleri barada dünýäde, şol sanda regionda o diýen eşidilmeýär. Muňa hem ýakynda Türkmenistanyň milli futbol komandasynyň Aziýa futbol konfederasiýasynyň kubogynda aýry-aýrylykda Owganystandan we Filippinlerden utulmagy şaýat bolýar. Eýsem, ýaryşlarda türkmen futbol komandasynyň Owganystan ýaly ýakynda döredilen komandalardan hem utulmagyny, halkara ýaryşlarda üstünlik gazanyp bilmezligini siz nämede görýärsiňiz? Bu ýagdaýy üýtgetmegiň ýoly ýa-da ýollary nämede? Bu tema barada ýokary bilimini dürli ýurtlarda dowam etdirýän türkmenistanly ýaşlar Arslan, Mekan we yzygiderli sport bilen meşgullanýan Azat bilen söhbetdeş bolduk.

XS
SM
MD
LG