Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Iş bar, ýöne para soraýarlar”


“Iş bar, ýöne para soraýarlar”
please wait

No media source currently available

0:00 0:29:00 0:00
Ýükle

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni (6-njy iýun) geçiren hökümet maslahatynda häzirki döwürde ýurtda orta hünär bilimli işgärleriň örän ýetmezçilik edýändigini belledi. Emma prezidentiň bu çykyşyna garamazdan, ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda orta ýa hünärment mekdeplerini tamamlan, ýa-da daşary ýurtlarda ýokary bilimini tamamlap, Türkmenistana dolanan käbir ýaşlaryň ýurtda işe ýerleşmekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boýandygy aýdylýar. Eýsem, daşary ýurtlarda şu ýyl okuwyny tamamlaýan ýa-da tamamlan ýaşlar, siziň Türkmenistana gidip, ýurtda işlemek planlaryňyz barmy? Bar bolsa, nähili iş şertlerinde işlemegi göz öňünde tutýarsyňyz? Ýok bolsa, näme üçin? Şeýle-de, nähili şertler döredilende döwlet orta we ýokary bilimli ýaşlardan has gowy we netijeli peýdalanyp biler? Siz bilimli ýaşlar üçin nähili iş şertleriniň döredilmegini isleýärsiňiz? Täze Tolkun gepleşigimiziň nobatdaky sanynda bu soraglara daşary ýurtlarda okaýan we işleýän türkmenistanly ýaşlar Begenç, Nesibe we Arslan jogap berýär.

XS
SM
MD
LG