Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Synaglar test gönüşinde bolmaly”


Test kagyzy we galam.
Test kagyzy we galam.

Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna (ÝOJ) giriş synaglary dowam edýär. Resmi metbugatda habar berlişine görä, şu ýyl 25 müň 182 adam harby bolmadyk 19 sany ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin dalaş edýär. Prezidentiň kararyna laýyklykda, bu ýyl dalaş edýän ýaşlaryň 6 müň 861 sanysy ýokary okuw jaýlaryna kabul ediler.

Mälim bolşy ýaly türkmen ÝOJ-larynyň aglabasynda giriş synaglary dil ýa-da ýazuw üsti bilen geçirilýär. Halkara türkmen-türk uniwersitetinde bolsa, giriş synaglary belli bir döwürde iki tapgyrda umumy bir test görnüşinde hem amala aşyrylýardy.

Dünýä tejribesi nazara alnanda, türkmen ÝOJ-laryna giriş synaglary nähili gurnalsa ýaşlar üçin has amatly bolardy? Şeýle-de, nähili edilende, bolup biläýjek galplyklaryň öňüni alyp bolardy? Ýaşlaryň özleri bu barada näme pikirde?

Täze Tolkun gepleşiginiň nobatdaky sanynda bu soraglara ýokary bilimini Türkiýede dowam etdirýän türkmenistanly ýaşlar jogap berýärler. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz. Garaýyşlaryňyza teswir bölüminde garaşýarys.

Täze Tolkun: “Synaglar test gönüşinde bolmaly”
please wait

No media source currently available

0:00 0:30:00 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG