Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa azyk embargosyny girizýär


Russiýa ÝB-den her ýyl 2 milliard ýewrolyk gök-önüm, ABŞ-dan hem 1.4 milliard dollaryk azyk we oba-hojalyk önümlerini satyn alýar.
Russiýa ÝB-den her ýyl 2 milliard ýewrolyk gök-önüm, ABŞ-dan hem 1.4 milliard dollaryk azyk we oba-hojalyk önümlerini satyn alýar.

Orsýet ABŞ-dan, ÝB-den, Awstraliýadan, Kanadadan we Norwegiýadan import edilýän aglaba azyk önümlerine “doly embargo” girizýändigini mälim etdi. Gadagançylyk girizilen harytlaryň arasynda: sygyryň, doňzuň, guş eti, balyk, gök önümler, peýnir we süýt ýaly önümler bar. Bu embargo Günbataryň Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegine we ukrainadaky rus separatistlerini goldamagy bilen bagly girizen sanksiýalarynyň garşysyna ar alyş hökmünde edildi.

Moskwanyň bu baradaky karary 7-nji awgustda premýer-ministr Dmitriý Medwedew tarapyndan geçirilen hökümet maslahatynyň dowamynda mälim edildi. Medwedew telewideniýede eden çykyşynda bu karara prezident Wladimir Putiniň görkezmesi esasynda gelnendigini aýtdy.

Ol: “Sanksiýalaryň hiç hili oňaýly tarapy ýok. Bu netije ýeňil düşmese-de, biz muny kabul etmeli bolduk” diýdi.

Sanskiýalara çaga iýmiti we orsýetlileriň daşary ýurtlarda satyn alan önümleri girmeýär.

Bu sanskiýalar ugrybir güýje girip, bir ýyl dowam eder.

Medwedew sözüniň dowamynda: “Günbatarly hyzmatdaşlarymyz ylalaşyk ugrunda konsturktiw hereket etseler, rus hökümeti girizilen çäreleriň şertlerini täzeden gözden geçirip biler” diýdi.

Medwedew sanksiýalaryň netijesinde Orsýetde ýerli oba-hojalyk senagatynyň ösjekdigini hem belläp geçdi.

Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň kararyna garşy “çäre görmäge” taýýardygyny aýtdy.

Ýewropa Komissiýasynyň 7-nji awgustda ýaýradan beýanatynda “Bu ädim açyk bir görnüşde syýasy matlap bilen edildi. Komissiýa Russiýa Federasiýasynyň çärelerini doly öwrenip, özünde olaryň garşysyna degişli çäreleri görmek hukugyny saklap galýar” diýilýär.

Komissiýanyň metbugat wekili ÝB-niň haýsy çäreleri göz öňünde tutup biljekdigi barada goşmaça maglumat bermekden saklandy.

Şwesiýanyň daşary işler ministri Karl Bildt 7-nji awgustda Twitter arkaly: “Prezident Putin rus raýatlary has gymmat we pes hilli azygy satyn almaly diýen bir netijä geldi. Oňat pikir ...??” diýip, Orsýetiň Ýewropa Bileleşiginiň garşysyna görýän çärelerini ýaňsylady.

Izolýasiýa

ABŞ 6-njy awgustda çykyş edip, Russiýanyň bu kararynyň ýurdy halkara jemgyýetçiliginden has hem izolirlejekdigini duýdurdy.

Ak tamyň metbugat wekili Laura Lukas Magnuson Moskwanyň Waşingtonyň we ÝB-niň sanksiýalaryna jogap edip, günbatar kompaniýalaryndan ar almagynyň Russiýanyň ykdysadyýetini has-da beter çökerjekdigini aýtdy.

Ol mundan ozal Russiýanyň Merkezi Bankynyň, eger-de import edilýän azyga sanksiýalar girizilse, inflýasiýanyň hem artjakdygy baradaky eden duýudyryşyna ünsi çekdi.

Russiýa ÝB-den her ýyl 2 milliard ýewrolyk ($2..8 milliard) gök-önüm, ABŞ-dan hem 1.4 milliard dollaryk azyk we oba-hojalyk önümlerini satyn alýar.

Uçarlar

Medwedew 7-nji awgustda eden çykyşynda halkara uçar kompaniýalarynyň Russiýanyň üstünden Aziýa geçmegine garşy hem “berk çäreleri” görmek mümkinçiliklerine garalýandygyny-da duýdurdy.

Bu ugurdaky islendik hereket ýolagçylar üçin uçuş wagtyny we bahany ýokarlandyrar.

Medwedew ÝB bilen ABŞ-nyň uçarlaryna gadagançylyk girizmek kararynyň entek kabul edilmändigini, emma ”Ukrain howaýollarynyň” Orsýetiň üstünden geçýän uçuşlarynyň eýýäm togtadylandygyny aýtdy.

Russiýanyň arzan hasaplanýan “Dobrolýot” uçar kompaniýasy ÝB-niň sanksiýalary netijesinde öz uçuşlaryny duruzmaga mejbur boldy.

Kremliň sanksiýalaryndan öň, geçen aý, ABŞ we ÝB Russiýanyň tutuş ykdysadyýetine täsir edýän gadagançylyklaryň nobatdaky tapgyryny girizdiler.

XS
SM
MD
LG