Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dil we jemgyýet


1929-njy ýylda çap bolan “Türkmen diliniň grammatikasy” atly okuw kitaby.
1929-njy ýylda çap bolan “Türkmen diliniň grammatikasy” atly okuw kitaby.

Dil bilimi jemgyýetiň ösmeginde, iň möhüm ugur saýylýar. Şeýle-de bolsa, oňa ýeterlik ähmiýet berilmeýär.

Dil medeniýetini kämilleşdirmekde hem kadalaşdyrmakda, nesilleriň hyzmatyny aýratyn bellemek gerek. Sebäbi bu iş ýeňillik bilen amala aşmandy, kä halatda bolsa pida talap edipdi. Biz muny türkmen dilini aýratyn ylym hökmünde orta çykaran alymlaryň tejribesinden görýäris.

Dil hem syýasat

Biz islesek-islemesek-de Russiýa imperiýasynyň bir koloniýasy bolandygymyzy nazara almaly bolýarys. Kolonizator döwlet öz baknalarynyň sowatsyz, hatda nadan bolmagyny isleýär. Şeýle ýagdaýda olara agalyk sürmek ýeňil düşýär.

Rus imperiýasy türkmenleriň bilimli-sowatly bolmagy üçin alada etmändir. Terjimeçileri hem mürze – sekretarlary taýýarlamak niýeti bilen käbir ýerli mekdepler döredilipdi. Kolonizatorlara ýerli ilatdan kömekçiler gerekdi.

Öňden dowam edip gelýän medreseleri kämilleşdirip, onda türkmen dilini öwretmegi ýola goýmak barada alada bolmandyr. Bu iş Türkmenistan respublikasy döredilenden soňra orta çykdy.

Ýaş döwlet üçin ilkinji mesele sowatsyzlygy ýok etmek gerekdi. Halk köpçüligi okap hem ýazyp bilmelidi. Munuň üçin milli diliň aýratynlygyny aňladýan elipbiý hem dürüs ýazuw kadalary zerurdy.

Sähel wagt içinde türkmen halkynyň öňden ulanyp gelen arap elipbisini kämilleşdirmek çäresi gecirildi. Onuň yz ýany, 1928-nji ýylyň başyndan latyn elipbisi girizildi. Bu Türkmenistanyň aň-bilim ugrundaky amala aşyran örän möhüm işi boldy.

Uly hyzmat

turkmenistan. grammar of turkmen language. 1929 edition
turkmenistan. grammar of turkmen language. 1929 edition

Şol döwrüň intelligensiýa wekilleriniň ilkinji uly hyzmaty hökmünde 1929-njy ýylda çap bolan “Türkmen diliniň grammatikasy” atly okuw kitabyny görkezmek bolar. Işiň awtorlary M. Geldiýew we G. Alparow. Iş BBTTE MK, ýagny Täze türki bütinsoýuz merkezi komitetiniň tabşyrygy boýunça ýerine ýetirilipdir. 260 sahypalyk bu kitap mugallymlara gollanma hem orta mekdebiň okuwçylaryna niýetlenýär.

Kitabyň başynda sarf (morfologiýa) hem nahuw (sintaksis) diýilse-de, ol dil bilimine degişli möhüm ugurlaryň köpüsini öz içine alýar.

Kitabyň giriş bölüminde dil bilimi barada gysgajyk maglumatlar berilýär. Soňra türkmen diliniň fonetikasy başlanýar.

Latyn elipbisi kabul edilende, 33 harp ekeni. Muňa uzyn çekimliler aýratyn harp hökmünde goşulmandyr, olar diňe ýazuwda goşalandyrylyp ýazylypdyr.

Soňra morfologiýa başlanýar. Häzir aýratyn bölüm hasaplanýan leksikany olar morfologiýanyň başynda goýýarlar.

Şeýlelikde, gysga şekilde bolsa-da, kitap türkmen diline degişli meseleleriň esasy ugurlary barada maglumat berýär.

Adalgalar arap ýa-da türkmen dilinde, käbir adalgalar beýleki garyndaş türki diller bilen deňeşdirilip berilýär. Kitabyň yzynda gramatik adalgalaryň türkmençe-rusça sözlügi bar.

Kitabyň gymmady

Kitap owaly ilkinji kadaly hem doly iş bolany üçin gymmatlydyr.

Muhammet Geldiýew
Muhammet Geldiýew

Ikinjiden, kitap janly türkmen diline örän ýakyn görnüşde ýazylypdyr. Meselem, Aşgabat sözi bu ýerde Aşqabaat görnüşinde berilýär. Türkmen dilinde uzyn çekimlileriň doly görkezilişi, onuň janly gepleşige örän golaýlygy bu iş üçin ummasyz azap çekilendigini görkezýär. Bizde ondan öň hem, soň hem beýle kitap çykarylmady. Bu öz ugry boýunça ýeke-täk düýpli iş saýylýar. Onuň çap edilenine şu ýyl 85 ýyl dolýar.

Akademik B. Çaryýarowyň ýazmagyna görä, şol kitapda beýan edilen esasy grammatik kadalar häzire çenli hem ulanylyp gelinýär.

Sözleri dogry okap öwrenmäge köp mümkinçilik döredýändigi üçin, türkmen dili bilen gyzyklanýan daşary ýurtly alymlar hut şu kitaby isleýärler. Ol häzir kitaphanalaryň seýrek kitaplar fondunda saklanýar.

“Dilçi alymlaryň arasynda ol kitap örän gymmat bahalanýar. Sebäbi janly gepleşige ýakyn edilip çykarylan şolar ýaly başga bir iş ýok” diýip, bilermenler aýdýarlar.

Bu iş köpleri begendirse, birnäçe syýasatçyny alada goýdy. Aýratyn-da, kolonial syýasaty isleýän ýolbaşçylar bu milli özgerişlige başgaça garadylar.

Ýowuz çäreler

Milli intelligensiýanyň kemala gelen döwründen, oňa garşy ýowuz gysyşlar başlanypdyr. Görnükli magaryfçy, edebiýatçy hem şahyr A. Gulmuhammedow nämälim ýagdaýda atylyp öldürilýär, soňra bolsa, “Watandan gaçmak islän dönük” hökmünde aýyplanýar. Örän ukyply dilçi Kümüşaly Böriýew “halk duşmany” saýylyp tussag edilýär. M. Geldiýewiň hyzmatyna ýokary baha beren B. Kerbabaýewi milletçilikde aýyplaýarlar.

Aradan çykanyndan ep-esli wagt geçendigine garamazdan, M. Geldiýew milletçilikde we pantürkistlikde aýyplanýar. Ýogalandan ýedi ýyl soňra, ýagny 1938-nji ýylda M. Geldiýewiň işleri zyýanly hasaplanyp, dolulygyna ýapyk fonda geçirilýär hem olary okap-öwrenmäge gadaganlyk girizilýär.

Sebäbi bilimiň gözbaşy ene dilinden başlanýandygyna gowy düşünýärdiler. Jemgyýetçilik medeniýeti onuň ene dili bilen baglylykda ösýär. Häkimlik edijiler şol gözbaşyň açylmagyny islemändir.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG