Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Al-Abadiden hökümeti düzmek soraldy


Haider al-Abadi, Bagdat, iýul, 2014.
Haider al-Abadi, Bagdat, iýul, 2014.

Yragyň prezidentiniň şaýylaryň baş syýasatçysy Haidar al-Abadiden ýurduň täze hökümetini düzmegi sorandygy habar berilýär.

Gelip gowuşýan maglumatlara görä, prezident Fuad Masum Yragyň esasy parlament topary bolan “Milli bileleşigiň” baş syýasatçysy Abadine bu teklibi etmezden öň ony Nuri al-Malikiniň deregine premýer-ministr wezipesine hödürledi. Abadi häzir parlamentiň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary.

Maliki ýurtda yslam gozgalaňçylary bilen söweş alnyp barylýarka dini zorluklary tutaşdyrmakda aýyplandy, emma ol sünni, kürt we şaýy syýasatçylarynyň özüniň wezipeden çekilmegi barada edýän talaplaryndan ýüz öwürdi.

Malikiniň üçünji möhleti

2006-njy ýyldan bäri hökümete baştutanlyk eden Maliki aprel aýynda geçirilen netijesi soragly saýlawlardan soň parlamentdäki öz ygtyýarlygyny wagtlaýyn häsiýetde ýerine ýetirýär.

Ol öz wezipesinde üçünji möhlete galmak islegini açyk yglan etdi we özüni hökümet baştutany wezipesinde ykrar etmänligi üçin prezidenti ýurduň konstitusiýanyň degişli maddalaryny bozmakda aýyplady.

11-nji awgustda Yragyň Ýokary sudunyň Malikiniň öz wezipesinde üçünji möhlete galmak talabyny kanagatlandyrmagyna garaşylýarka, parlamentiň iň uly partiýasy premýer-ministriň wezipesine täze kandidaty hödürledi.

Malikiniň partiýasyny-da öz içine alýan “Milli bileleşik” parlamentdäki iň uly topary emele getirýär.

ABŞ-nyň syýasy we harby goldawy

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 11-nji awgustda eden çykyşynda durnukly hökümetiň düzülmegini “iňňän zerur” ädim hökmünde häsiýetlendirdi we Malikini bu ugurda parlamente päsgel bermezlige çagyrdy.

Şaýylaryň Malikä wepaly howpsuzlyk güýçleriniň 11-nji awgustda Bagdadyň alkymynda ýerleşdirilendigi barada habar berilýär. Häzirlikçe olar tarapyndan haýsydyr bir zorlukly hereketler barada maglumat gowşanok.

Yragyň täze hökümetini düzmek işiniň petige direlmegi ýurdy syýasy krizise batyrdy, şol bir wagtyň özünde-de ýurduň demirgazygynda “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň basyşy dowam edýär.

Söweşijiler iýun aýynda başlan söweşleriniň dowamynda Yragyň demirgazygynyň we günbatarynyň uly böleklerini basyp aldylar.

ABŞ-nyň baş resmileri 11-nji awgustda özleriniň kürt goşunlaryny ýarag bilen üpjün edip başlandygyny aýtdylar.

Geçen hepdede ABŞ-nyň goşunlary howadan zarba urup başladylar, kürtleriň ”Paşmerga” ýaragly toparlary bolsa yslam söweşijilerine garşy ýerden basyş etdiler.

Emma 11-nji awgustda Yragyň polisiýasy “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň Bagdatdan 115 kilometr uzaklykda ýerleşýän Jalawla şäherini basyp alandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG