Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bitaý terezi


Tereziniň karikaturasy
Tereziniň karikaturasy

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgusy.

Dürli-dürli bormuş manysy ömrüň:
Kim kagyza aşyk, kim guly demriň.

Gije-gündiz uky haram bolanda,
Bal bolarmyş sarymsak-da, sogan-da.

Saňa aşyk bolan, saňa näz eden
Zenanyň gujagy gyzmaz täzeden.

Bar, sen tutupsyňam tylla balygy,
Haltalap daşaýaň öýe baýlygy,

Syňrakdan syzmasa açylman aýaň,
Yhlas ýele gider, azap hem zaýa.

Nädip beýle bolýa – düşünmek kyndyr,
Nebis bir pyçakdyr, ynsap bir gyndyr.

Dürli-dürli bormuş manysy ömrüň:
Kimse ot küýseýä, kim zary kömrüň,

Kimse öz nyrhyny özi bilenok,
Hem öz bahasyna laýyk gelenok.

Ýa arzan nyrh kesýä, ýa kemter gaýdýa,
Ýa ýalňyşyp özgäň aýdymyn aýdýa.

Ne bir puldan doýup, ne-de bir maldan,
Öýkeläp ýör, özünden däl – ykbaldan.

Çem gelen sebäpkär, it-guş günäli,
Onuň täk özi sag, uly il – däli!

Çekgäňi gyzdyran şarpyga dözüp,
Ýaşap bolýamy nä arkaýyn gezip?

Dürli-dürli bormuş manysy ömrüň:
Kimse haýyşa zar, kim guly emriň.

Döşüňi gaýşardyp ýaşajak bolsaň,
Ilki pikir gelsin, hereket – onsoň.

Subut et nämüçin gelenňi dünýä,
Nämüçin aglaňda ýakynyň gülýä?

Ne beýle giç ýada saldyn Hudaýy!
Ne ýeňil tereziň sogaply taýy…

XS
SM
MD
LG