Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Dälilik möwsümi


Bir adamyň ýokardan asylan ýüpi eli bilen çekjek bolup duran pursady.
Bir adamyň ýokardan asylan ýüpi eli bilen çekjek bolup duran pursady.

Demokratiýa

Bir ýazyjy okyjylar bilen duşuşanda biri “Türkmende “Halwany hekim iýer, şallagy ýetim” diýen paýhas bar. Bir obadaşymyz “Häzirki döwürde “Ýetim şallak, ýagny gamçy iýer” diýseň, gödeksi eşidilýär. Ony “Eti hekim iýer, kelemi ýetim” diýip, aýtmaly” diýýär. Her kes atalar sözüni özüçe üýtgedip ýörse bolmaz-a?” diýýär. Döwlet syýasatynyň hyzmatkäri çemeçil ýazyjy:

-Onuň “Eti hekim iýer, kelemi ýetim” diýmegi dogry. Bu etli kelem dolamasyny (golubsyny) hekimiň ýetim bilen paýlaşyp, bile iýdigi bolýar. Ol ýurdumyzda demokratiýaň berjaý edilýänine anyk mysal -diýipdir.

Sen kime meňzeş?

Duşuşyk wagty “Sen ataňa meňzeýäňmi ýa-da babaňa?” diýip, magşuk gyz aşyk ýigide sowal berýär. Aşyk ýigit:

-Men şeýle garry görünýänmi? -diýip, öýkeläp onuň ýanyndan gidýär.

Pynhan ýer

Ýigit gyzy ilkinji gezek duşuşyga çagyrýar. Gyz “Seýilgähe, il-günüň üýşýän ýerine barmaga utanýan” diýýär. Ýigit:

-Şeýdiýjegiňi öňünden aňdym. Şonuň üçinem Türkmenbaşy adyndaky baş teatra bilet aldym. Ol drama teatry duşuşyga amatly iň çola, pynhan ýer -diýip, gyza iki bileti uzadypdyr.

Dälilik möwsümi

Ýaz pasyly gelende “Ot gögerende akyly üýtgeýän dälileriňizi ýygnap getiriň. Otuň ýüzi gaýdýan, tomus düşýänçä biz olary dälihanada saklajak. Şeýtmesek, olar adamlara, edara-kärhanalara iş bolýar” diýip, ähli etraplara resmi hat ýollapdyrlar. Her etrapdan 10-12 dälini getirýärler. Ýöne dälileriň iň köp ýeri hasaplanýan etrapdan diňe bir dälini getirýärler. Dälihananyň baş lukmany bu ahwalata geň galyn, onuň sebäbi bilen gyzyklanýar. Oňa:

-Etrabymyzdaky däliler ýaz oty uç görkezip-görkezmänkä dübläp, çöle çykdy. Yzyndan ýetip, diňe şu dälini tutup bildik -diýip, ýagdaýy düşündiripdirler.

Ýitgi

Motosikletli pyýada ýolagçynyň deňinden uly tizlik bilen geçýär. Tizara yzyna öwrülip gelip “Agam, ýaňy deňiňden geçenimde yzymda bir gyz otyrmydy?” diýip soraýar. Ýolagçy “Ýok, meň-ä gözüme ilmedi” diýýär. Ýigit:

-Hä, onda has aňyrrakda yzymdan gaçyp galandyr, yza dolanmaly boldum-ow -diýip, ahmyr bilen başyny ýaýkapdyr.

Il içinden çöpläp, taraşlan Amanmyrat Bugaýew.

XS
SM
MD
LG