Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Žurnaliste 24 sagat möhlet berildi


"New York Times" neşiriniň habarçysyna derňewlerde hyzmatdaşlyk etmändigi sebäpli Owganystany terk etmegi üçin 24 sagat möhlet berildi. Bu barada Owganystanyň Baş prokuraturasyna salgylanyp habar berilýär.

“Reuters” habar gullugynyň žurnalist Metýu Rozenberge (Matthew Rosenberg ) salgylanyp berýän maglumatyna görä, žurnalistiň ýurdy terk etmegi ýa-da karar dogrusynda henize çenli resmiler gönüden-göni aragatnaşyga geçmändir.

Owganystanda prezidentlik saýlawlary bilen baglanyşykly çykgynsyz ýagdaý dowam edýän mahaly, owgan resmileriniň ýurtda wagtlaýyn hökümeti düzmek baradaky planlary maslahat edýändigi hakda "The New York Times" neşiri tarapyndan makala çap edilen soň, 19-njy awgustda Rozenberg Owganystanyň Baş prokuraturasyna sorag etmäge çagyrylypdy.

Owganystanyň Baş prokuraturasynyň metbugat wekili Basir Azizi Rozenbergiň 18-nji awgustda ýazan makalasy “Owganystanyň milli bähbidine we kanunyna garşy” diýdi.

19-njy awgustda Birleşen Ştatlar “söz we metbugat azatlygynyň esasyna hormat goýmagy üçin” owgan hökümetine çagyryş etdi.

XS
SM
MD
LG