Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Söýgi hakda, wyždan hakda


"Başarsaň aglatma, başarsaň güldür."
"Başarsaň aglatma, başarsaň güldür."

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgulary.

Birniň kelle döwüp ýasan pyçagyn
Başga biri göterip ýör ýeňinde.

Biri tüpeň ýasan gijeler ýatman,
Indi dünýäň ýüzi gozýaş bilen gan.

"Men seni söýýärin!" – kim bilýä haçan
Haýsy bir göçgünliň agzyndan gaçan?

Bir ädim – söýgüden ýigrenje çenli!
Kim görüpdir kimiň ilki geçenni?

Biri öýlenipdir ilkinji gezek –
Henizem belli däl – kim kime gerek.

"Diňe sen!" diýp biri dyza çöküpdir,
Şeýdip biwepalyk ýüze çykypdyr.

Kasam oýlap tapan bir päliýaman,
Şondan soň, elbetde, döräpdir ýalan.

Dünýe malyn ýygnan bir köpeýogly,
Şeýdibem döräpdir ilkinji ogry…

Belli däl adamyň gowakdan çykyp,
Haçan öz gününi özi bulany.

...Ynsana iň uly ýamanlyk edip,
Kim tapdyka pul diýilýän belany?

***

Soýgi bir myhman däl dyz epip geçýän,
Duýgy içden çykar, gelmez daşardan.
Hiç haçan öwünme "Men söýýän" diýip,
"Men söýulýän" diýip öwün başarsaň.

Bagtyň çüwse telpegiňi göge zyň,
Ur döşüňe deprek çalan şekilli.
Guwdurama ýetdim diýip arzuwa,
Agyr ýüki egniň bilen çek indi!

Indi gezäýmersiň sykylyk atyp,
Göterersin garamatyn maşgalaň.
Unutmaly borsuň jalaý geçmişi,
Galan ömrüň bal tagamy başga-la!

Saklan ykbal bilen oýun etmeden,
Bir saçaksyň, bir gujaksyň – unutma.
Ýalandan aglama, ýalandan gülme,
Ýere bak, tumşugyň asmana tutma.

Göter göwnün gara gözli geliniň,
Başarsaň aglatma, başarsaň güldür.
Gije-gündiz ýola bakan gözlerden
Ýaş döküljek bolsa – özüňi öldür.

Söýgi bir myhman däl dyz epip geçýän,
Ol ömürlik bezemeli törüňi…
Ýogsam ir dökülen gözýaşy bilen
Kimse ezer dik oturan görüni?

XS
SM
MD
LG