Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sowadyjylaryň aýrymlagy düşnüksiz


Ýaşaýyş jaýlaryndan howa sowadyjylary aýrylýar.
Ýaşaýyş jaýlaryndan howa sowadyjylary aýrylýar.

Soňky döwürde Aşgabatda “paýtagty abadanlaşdyrmak we gözelleşdirmek” diýlip atlandyrylýan işleriň netijesinde şäheriň belli-belli etraplarynyň ýaşaýyş jaýlarynyň esasy ýollara bakyp duran taraplaryndan split howa sowadyjylary we çanak antennalary aýryldy.

Aşgabadyň Parahat mikroraýonynyň Türkmenbaşy şaýolundaky ýaşaýyş jaýlarynda şunuň ýaly ýagdaý bar. Magtymguly şaýolundaky ýaşaýyş jaýlarynyň hem köpüsiniň köçe tarapdaky otaglaryndan split sistemalaryny aýyrmaly bolan ýaşaýjylar bar. Paýtagtyň Parahat-7 mikroraýonynda hem häkimiýetler tarapyndan split sistemalaryny aýyrmaga synanyşyk edildi. Oguzhan köçesiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlaryndan hem split sistemalary aýrylan öýler az däl.

Aşgabadyň "Türkmenbaşy" şaýolynyň ugrundaky jaýlar
Aşgabadyň "Türkmenbaşy" şaýolynyň ugrundaky jaýlar

Split sistemalary we çanak antennalary köplenç esasy ýollaryň gyrasyndaky jaýlaryň köçä bakyp duran tarapynda däl-de, eýse arka ýüzünde goýdurylýar. Mysal üçin, paýtagtyň Oguzhan köçesiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynyň arka ýüzlerinde split sistemalaryny görmek bolýar. Ýogsa, bu ýaşaýyş jaýlarynyň köçä bakýan diwarynda ýekeje-de split sistemasy ýok. Magtymguly şaýolunyň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsiniň split sistemalary hem jaýlaryň arka tarapyna geçirildi.

Podýezdiň içinde goýlan split sowadyjy
Podýezdiň içinde goýlan split sowadyjy

Gürrüňi edilýän sebitleriň ýaşaýjylarynyň käbirleri bolsa çanak antennalaryny ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerine geçirip, split sistemalaryny podýezdlerinde, ýagny jaýyň girelgelerinde goýdular. Netijede, ýaşaýyş jaýlarynyň üçekleri çanak antennalardan doldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerine geçirilen split sistemalarynyň howrundan ýaňa şol girelgeler gor ýaly.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu hili split sistemalaryny geçirmek işi, esasan, ýaşaýjylaryň öz gerdenine düşýär. Häkimiýetler ýaşaýjylaryň split sistemalaryny we çanak antennalaryny ýere düşürip goýýarlar. Ýaşaýjylar bolsa soň hakyna ussa tutup, olary başga ýere geçirmeli bolýarlar. Bu hili işleriň çykdajylary şol enjamlaryň ýerleşjek ýerine baglylykda 40-50 manatdan tä 100 manada çenli ýetip bilýär.

Paýtagtlylaryň split sistemalarynyňdyr, çanak antennalarynyň aýrylmalydygy baradaky duýduryş, esasan, şol sebitleriň öý-hojalyk uprawleniýeleri tarapyndan ýaýradylýar. Kähalatda bu duýduryş dilden edilýän bolsa, kähalatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde ýörite duýduryş hatlary hem ýelmenýär.

Emma şol bir wagtda hem häkimiýetleriň split sistemalaryny we çanak antennalaryny aýyrmaklarynyň nähili sebäpleriniň bardygy resmi taýdan düşündirilmeýär. Olaryň dilden ýa-da hat üsti bilen edýän duýduryşlarynda, esasan, ady agzalan enjamlaryň diňe aýrylmalydygy barada gürrüň edilýär. Nähili karara görä hem-de näme sebäpden bu işiň edilýändigi barada hiç hili düşündiriş berilmeýär.

Ýöne ýaşaýjylaryň köpüsi bu çäräniň göz üçin edilýändigini aýdýarlar. Çünki split sistemalardyr, çanak antennalary, esasan, köçä golaý ýerleşen, özi-de köplenç protokol diýlip atlandyrylýan köçelerdäki ýaşaýyş jaýlaryndan aýrylýar.

Kähalatlarda bolsa split sistemalarynyň ýa-da çanak antennalarynyň aýrylmagy prezidentiň bolaýjak saparlary bilen hem baglanyşdyrylýar. Mysal üçin, paýtagtyň Parahat-7 mikroraýonynyň B.Annanow köçesine bakyp duran köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň split sistemalarynyň aýrylmagy prezidentiň bu etraba sapary bilen baglanyşdyryldy.

Düşündiriş berilmeýär

Şeýle-de häkimiýetleriň bu hili çäreleriň nähili karar esasynda amala aşyrýandyklary barada hem hiç hili maglumat ýok. Ýogsa, ýaşaýjylaryň arasynda degişli dokumenti görkezmegi talap edýänleri az hem däl.

Başda agzalan Aşgabadyň Parahat-7 mikroraýonyndaky ýaşaýyş jaýlaryň biriniň ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 23-nji awgustda split sistemalarynyň aýrylmagyna garşy protest geçirenlerinde, ýerli häkimiýetler protestçileriň haýsy-da bolsa bir degişli dokumenti görkeziň diýen talabyny berjaý edip bilmändirler.

Hatda bu buýrugyň kimden gaýdýandygy näbelli bolup galýan halatlary-da bar. Ýokarda agzalan Parahat-7 mikroraýonyndaky protestçileriň käbirleriniň etrap häkimligine jaň edip şikaýat edenlerinde, häkimlikden split sistemalary aýyrmaga buýruk berilmändigini aýdypdyrlar. Ýogsa, bu ýaşaýyş jaý toplumynyň öý-hojalyk uprawleniýesiniň işgärleri adamlara split sistemalaryny aýyrmak buýrugy häkimlikden geldi diýip aýdypdyrlar.

Tomus aýlarynda Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň +40 gradus yssydan geçýän wagtlary hem seýrek däl.

XS
SM
MD
LG