Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gorbaçýowyň ruhy keselhanadaky gaýyn agasy


Mihail Gorbaçýow
Mihail Gorbaçýow

Öz wagtynda SSSR-iň birinji zenany adyny göteren Mihail Gorbaçýowyň aýaly Raisa Maksimownanyň erkek dogany, ýazyjy Ýewgeniý Titarenko indi 30 ýyldan bäri ruhy näsaglaryň keselhanasynda saklanylýar.

Ýöne onuň altzgeýmer keselinden ejir çekýändigi hemmelere öňden aýan bir fakt.

Bu meselede täze habar şundan ybarat: soňky wagtlarda dogan-garyndaşlarydyr dostlary Russiýa Ýazyjylar birleşiginiň agzasy Titarenko bilen görşüp bilmeýärler. Geljek ýyl, ýagny 2015-nji ýylda onuň 80 ýaşy dolýar. Emma ol birden "ýom-ýok bolana döndi".

Woronež welaýatynyň Orlowka şäherindäki ruhy näsaglaryň keselhanasynyň baş lukmanynyň orunbasary aslynda Ýewgeniý Titarenko atly bir hassanyň bu ýerde hiç haçan bolmandygyny aýdýar.

Bu gümürtik habar, gepleşikleri bütin Russiýada görkezilýän "Rossiýa" telekanalynda efire berlenden soň, yzy uly galmagala ýazdy.

"Gönümel efir" atly telegepleşikde žurnalistler ýazyjynyň ykbalyny kesgitlemäge synanyşdylar. Şonda keselhananyň baş lukmanynyň aýdan sözlerine şübheli garadylar.

Telegepleşikde ýazyjynyň köne goňşusy çykyş etdi. Onuň aýtmagyna görä, ýazyjynyň jaýynda onuň kakasynyň doganoglanynyň garyndaşlary ýaşaýarlar.

Hamisi kimdir öýdýäňiz?

Hamisi - ruhy näsaglar keselhanasynyň baş lukmany agzalýan ruhy näsag Ýewgeniý Titarenkonyň kakasynyň doganoglany.

Telegepleşik efire gidenden soň Woronež welaýatynyň sülçüsi meseläni öz eline alyp, haýal etmän gözleg işine başlapdyr.

Aslynda Ýewgeniý Titarenko ruhy näsaglaryň keselhanasyna näme sebäpden düşüpdir? Bu özbaşyna aýratyn bir tema. Ol keselhana düşen mahaly Gorbaçýow SSSR-iň prezidentidi.

Bu ugurda "Moskowskiý komsomolets" gazýetindäki makalada şeýle garaýyş öňe sürülýär: şol döwürde Ý.Titarenko içgä özüni beren ekeni "Içen mahaly aýal doganyna we onuň adamsyna sögüpdir, prezidentiň syýasatyny tankyt edipdir". Şonda prezidentiň "uly abraýyna" zyýan ýetirmezligi üçin ýazyjyny keselhanada "gizläpdirler".

Ý. Titarenkonyň "Bazar meýdançasynda dördimiz", "Minaçy", "Nikodimowo köli", "Planetanyň kiçijik bölejiginde" atly eserleri Moskwada we Woronežde çap edilipdir.

XS
SM
MD
LG