Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Işine jür žurnalist


Kitapdan köp puluň agram basýandygyny görkezýän surat.
Kitapdan köp puluň agram basýandygyny görkezýän surat.

Tanyşlyk

Ýigit bilen gyz ýolagçy otlusynda bir küpede barýar. Esli salym ikisi-de dymýar. Ýigit gyz bilen tanyşmak üçin ondan “Bagyşlaň, aslyňyz Gazanjykdan-a däldir?” diýip soraýar. Gyz “Ýok” diýýär. Ýigit:

-Beý, munuň beýle bolup çykyşyny! Biler bolsaňyz, meňem aslym Gazanjykdan däl. Ýogsa-da, seň adyň kim? -diýipdir.

Deňsizlik

Bir gezek biri “Ähli ýerde milletçilik, tanyşparazlyk, para-peşgeş höküm sürýär. Men Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmäge tüýs mynasyp adam. Oňa girmek üçin edýän teklip, haýyşyma gulak salýan ýok” diýip, goh edipdir. Gohy diňlänleriň biri “Oňa geň-taň rekord goýanlar girizilýär. Eýsem, sen nähili rekord goýduň?” diýip, oňa sowal beripdir. Goh edýän:

-Elli ýyl bäri rekordlar kitabyna girmegi her gün arzuw edýärin. Eýsem, bu rekord dälmi? -diýip, sowal bereniň üstüne sürnüpdir.

Jedel

Bir gezek iki dost lukman hem-de artist üsti şerap-meýli saçak başynda oturan wagty “Sen hiç wagt men, ýagny lukman bolup bilmersiň” diýip, artist dostunyň üstüne sürnüpdir. Artist “Hak söz, ýöne senem hiç wagt men, ýagny artist bolup bilmersiň” diýipdir. Lukman:

-Sen bolmak aňsat iş. Ine, häzir içýän normamdan ýüz gram artyk içip, köpçülige çyksam, sen, ýagny artist bolaryn -diýipdir. Häliden bäri saçakdaky şeraby öz ýanyndan az görüp oturan artist:

-Dost jan, seni “Eli ýeňil lukman” diýip, ulus-il sylaýar. Il-güni lukmansyz goýmaly. Artistligi maňa goý-diýip, çüýşäniň düýbünde galan aragy başyna çekipdir.

Işine jür žurnalist

Bir gezek bir žurnalist kärhananyň direktorynyň ýanyna baryp, amal edýän işleri barada interwýu bermegi haýyş edipdir. Direktor “Inim, işim köp, wagtym ýok, ilki özüň ýaz, men soňra okap, gol çekerin” diýipdir. Žurnalist 10 tagta (list) kagyzlyk ýazgyny onuň öňünde goýup:

-Ol taýýar. Üç ýyl ozal Siz bilen interwýu edipdim. Ol wagt “Beýik galkynyş zamanasydy”. Häzir “Bagtyýarlyk döwri”. Öňki ýazgyny Bagtyýarlyk döwrüne bap getirip, iki esse giňeltdim -diýipdir.

Il içinden çöplän, taraşlan Amanmyrat BUGAÝEW.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG