Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Marşirowkalar" başlandy


Türkmenistanda ýetip gelýän uly çäräniň öňünden taýynlyk işleri alnyp barylýar.
Türkmenistanda ýetip gelýän uly çäräniň öňünden taýynlyk işleri alnyp barylýar.

Adat bolşy ýaly, sentýabr aýynyň soňunda, has takygy 27-nji oktýabrda bellenilýän Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüp başlanýar.

Paýtagtyň öňki "Lokomotiw" häzirki "Dagdan" stadionynda şu günler ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň gatnaşmagyndaky “marşirowkalar” diýlip atlandyrylýan taýýarlyk türgenleşikleri geçirilýär. Bu türgenleşik 27-nji oktýabrda ýurduň esasy meýdançasynda geçjek parada görülýän taýýarlygyň bir bölegi.

Bu ýerde paýtagtyň her bir ýokary okuw jaýyndan studentleri görmek bolýar. Bu “marşirowkalara”, esasan, ýokary okuw jaýlarynyň 1-nji we 2-nji kurs studentleri gatnaşdyrylýarlar.

Näme edýärler?

Gündelik “marşirowkalara” sport egin-eşigindäki studentleriň azyndan 200-300 sanysy gatnaşýarlar. Olaryň käbirleriniň ellerinde bolsa oturgyç we dürli reňkli baýdajyklar bar. Olar meýdançada dürli surat şekillerini görkezmeli.

Baýramçylykda tribunalarda oturyp, dürli ýazgylary we şekilleri görkezmeli studentler hem bar. Olar, esasan, paýtagtyň Aşgabat stdionyndaky geçjek teatrlaşdyrylan baýramçylyk çäresine gatnaşýan studentler.

Sport egin-eşiklerindäki studentler “marşirowkada” bile sinhron hereketleri etmegi öwrenýärler. Olar kolonnalara bölünip, stadionyň bir çetinden beýleki çetine bir adam ýaly deň ýöremegi, käbir tans elementlerini öwrenýärler.

“Marşirowkalar” ýörite professional režissýoryň gözegçiliginde geçirilýär. Ol stadionyň meýdançasyndaky studentleriň edýän hereketlerini “sinhronlaşdyrýar”. Režissýoryň studentlere gödek çemeleşýän, käýinýän wagtlary hem seýrek däl.

Okuwa täsiri

Bu "marşirowkalaryň", ýagny tälimleriň okuwdan soň geçýändigine garamazdan, olaryň köp günlere çekýändigi zerarly studentlere bilim almaga päsgel berýändigini ýokary okuw jaýynyň mugallymlary aýdýarlar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň özüni Rahman diýip tanadan mugallymynyň aýtmagyna görä, “marşrirowkalar” studentlere sapaklaryna taýýarlanmaga päsgel berýär.

Studentler okuwlaryny tamamlap, stadiona baryp 3-4 sagat dowam edýän tälim ýörişlerine gatnaşmaly bolýarlar. Birnäçe sagat aýak üstünde durmaly bolansoňlar, ol “studentleriň eýýäm sapaklaryna taýýarlanmaga ýagdaýlarynyň ýokdugyny” ýokary okuw jaýynyň mugallymy Rahman gürrüň berýär. Onuň sözlerine görä, “marşirowkalar” döwründe studentlerden okuw talap edilip hem durulmaýar.

Duýduryş

Studentleriň bu “marşirowkalardan” ýüz öwürmäge mümkinçilikleri ýok. ”Marşirowkalardan” ýüz öwren studentleriň okuwdan çykaryljakdygy barada duýduryş berilýär. Studentler bu çärä gijä galyp barsalar, käýinç berilýär.

Rahmanyň aýtmagyna görä, bu “marşirowkalardan” diňe saglyk ýagdaýy sebäpli oňa gatnaşyp bilmeýän studentler boşadylýar. Ýöne olar öz saglygy barada hökman medisina sprawkasyny getirmeli, olar diňe şonda tälim ýörişlerinden boşadylýarlar.

Aşgabat stadionynda geçirljek teatrlaşdyrylan baýramçylyk çäresi bilen bagly dowam edýän “marşirowkalar” bilen bir hatarda oktýabrda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ýurt boýunça dürli görnüşli, dürli derejedäki başga-da köp sanly köpçülikleýin çäreler geçiriler. Has takygy, ýetip gelýän uly çäräniň öňünden ençeme özboluşly kiçeňräk çäreleri geçirmäge-de taýynlyk işleri alnyp barylýar.

Hut şol sebäpdenem häzirki wagtda studentleriň ýüzlerçesi eýýäm birnäçe gün bäri paýtagtyň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda gurlan we Garaşsyzlyk baýramyna gabatlanyp, ondan biraz öňräk, 1-nji oktýabrda açyljak täze binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşmaga taýýarlyk görýärler.

XS
SM
MD
LG