Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropada türkmen gazyna talap 'azalýar'


"Ýewropanyň käbir syýasatçylary Russiýadan başga bir ugur boýunça hem gazgeçirijiniň bolmagyna ähmiýet beren bolsalar-da, kompaniýalar başgaçarak nukdaýnazardan çemeleşdiler"
"Ýewropanyň käbir syýasatçylary Russiýadan başga bir ugur boýunça hem gazgeçirijiniň bolmagyna ähmiýet beren bolsalar-da, kompaniýalar başgaçarak nukdaýnazardan çemeleşdiler"

Duşenbe güni, 29-njy oktýabrda, Russiýanyň Astrahan şäherinde hazarýaka döwletleriň bäşisiniň hem prezidentleriniň gatnaşmagynda Kaspiý boýunça dördünji sammit geçirildi.

Sammtiň çäginde türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki meseleler bilen bir hatarda Kaspiniň energiýa resurslary dogrusynda hem durup geçdi. Ol energiýa meselelerinde hazarýaka döwletleriň arasynda “düýpli düşünişmezlikleriň” ýokdugyny nygtap, bu ugurda çözülmedik meselelere “syýasy äheňiň” berilmegine garşydygyny mälim etdi. G.Berdimuhamedow munuň Hazaryň aşagyndan gazgeçirijini çekmek meselesine hem degişlidigini aýratyn belläp, bu ugurda ählumumy ykrar edilen halkara düzgünlere esaslanmalydygyny aýtdy. Türkmen lideri sözüni dowam etdirip, gazgeçirijileri çekmekligiň turbageçirijiniň geçýän ýurtlarynyň özygtyýarly hakydygyny we onuň şol döwletleriň razyçylygy esasynda amala aşyrylmaldygyny-da sözüniň üstüne goşdy.

Şol bir wagtda-da, mälim bolşy ýaly, türkmen gazyny Ýewropa akdyrmaga mümkinçilik berjek Transhazar proýekti barada köpden bäri gürrüň edilip gelinýär. Muňa Kreml ozaldan garşy çykyp gelýär. Emma türkmen tarapy bu meselede açyk beýanat bilen juda seýrek çykyş edýär.

Eýsem, prezident G.Berdimuhamedowyň häzirki beýanatyndan soň Transhazar proýekti nähili özgerer? Şeýle-de türkmen lideriniň häzir açyk beýanat bilen çykyş etmegine nähili baha berip bolar? Bu soraglara Energiýa ylymlary boýunça Oksford institutynyň ylmy işgäri Saýmon Pirani jogap bermäge synanyşýar.

Azatlyk Radiosy: Saýmon, Astrahanda geçen sammite gatnaşan Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew sammitde gelnen käbir kararlara oňaýly baha berip, olary “öňegidişlik” diýip atlandyrdy. Siz bu garaýyş bilen ylalaşýaňzymy? Umuman, sammitiň netijeleri barada näme aýdyp bilersiňiz?

Saýmon Pirani: Men sammitde anyk haýsy kararlaryň kabul edilendigi baradaky jikme-jikligi bilemok. Şol sebäpli bu barada köp zat aýdyp bilmesem gerek.

Azatlyk Radiosy: Sammitiň çäginde türkmen prezidenti Hazaryň aşagyndan gazgeçirijini çekmek meselesi barada hem durup geçdi. Uly ähtimallyk bilen onuň Transhazar proýekti barada gürrüň edendigini çaklasa bolar. Siz bu beýanat barada näme aýdyp biljek?

Saýmon Pirani: Hem türkmen hem-de azeri hökümetleri Trans Hazar gazgeçiriji proýekti barada resmi derejede juda köp wada beriji beýanatlary edip gelýärler. Ýewropa resmileri hem bu beýanatlardan ugur alyp, gazgeçiriji meselesinde käbir öňegidişlikleriň bolýandygyny çaklaýarlar.

Emma meniň özüm-ä şu anyk meselede o diýen optimist bolup biljek däl. Sebäbi men Transkaspiý proýektiniň amala aşmagyna sebäp boljak ykdysady faktorlary göremok. Ilki bilen, Aşgabat gaz meselesinde ozalky Russiýa bolan garaşlylygyndan çykyp, öz gazyny uly mukdarda Hytaýa eksport edip başlady. Onsoň, ykdysady nukdaýnazardan türkmen hökümetiniň gazy Ýewropa tarap akdyrmak meselesine näderejede gyzyklanma bildirýändigini aýtmak kyn.

Ýewropa akdyryljak azeri gazy barada aýdylanda, bilşimiz ýaly, 2019-njy ýyldan başlap ýylda 10 milliard kubometr gazy almak baradaky ylalaşyga gelinmezden ozal, uzak möhlete çeken köp sanly gepleşikler we duşuşyklar bolupdy.

Şol bir wagtda 10 milliard kubometr gaz Ýewropanyň gaz bazary nukdaýnazaryndan juda az, 2%-den hem aşakdaky bir san. Şol bir wagtda, 2008-2009-njy ýyllardaky maliýe çökgünliginden soň gaza bolan talap öňki derejesine ýetmekden geçen, has köp peselmek bilen boldy.

Ýewropanyň gaz talabynyň peselmegine diňe bir ykdysady faktorlar hem sebäp bolman, eýse energiýany almagyň başga çeşmeleriniň hem özleşdirilmegi öz täsirini ýetirdi. Şol sebäpli edil häzirki pursat türkmen gazyny täze gazgeçirijiniň üsti bilen Ýewropa akdyrmak ykdysady taýdan rasional bolman biler.

Azatlyk Radiosy: Siz Ýewropanyň türkmen gazyna bolan talabynyň kemelýändigini aýtjak bolýaňyzmy?

Saýmon Pirani: 2008-2009-njy ýyllar aralygynda türkmen gazyny Ýewropa getirmek üçin gerekli infrastruktaryny gurjak kärhanalary çekmek üçin Ýewropa Komissiýasy tarapyndan uly tagalla edildi.

Şol wagt kompaniýalar “eger-de şu gaza talap bolmasa, biziň hem milliardlarça dollar ýatyrmagymyz bimany” diýipdiler. Bu ýagdaý häzir hem belli bir derejede şular ýaly bolup galýar.

Ýewropanyň käbir syýasatçylary Russiýadan başga bir ugur boýunça hem gazgeçirijiniň bolmagyna ähmiýet beren bolsalar-da, kompaniýalar başgaçarak nukdaýnazardan çemeleşdiler.

Ýewropada bazar ykdysadyýetiniň höküm sürýändigi sebäpli, döwlet haýsydyr bir kompaniýa “sen şu proýekt boýunça iş alyp bar” diýip, ony mejbur edip bilenok. Bazar bolsa “ony [türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak] möhüm däl” diýýär.

XS
SM
MD
LG