Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Transhazar ugrundaky çekişmeler


Kaspide nebit ýatagy özleşdirilýär.
Kaspide nebit ýatagy özleşdirilýär.

Azerbaýjanyň daşary işler minsitriniň orunbasary çykyş edip, “Hazaryň aşagyndan Türkmenistandan Azerbaýjana çekiljek Transhazar gazgeçirijisi deňziň töweregindäki beýleki ýuratlar bilen umumy ylalaşygy talap etmeýär” diýip belledi.

Azeri resmisiniň bu beýanaty barada "oilnews.kz" internet neşiri maglumat berýär.

Halaf Halafow
Halaf Halafow

Halaf Halafow “Halkara kanunçylygyna görä, Kaspiý deňziniň aşagyndan turba geçirmek işiniň [üçünji bir tarap] bilen ylalaşygy talap etmeýändigini” nygtaýar.

Şol bir wagtda Halafow Hazar deňzinde alnyp barylýan ähli proýektleriň iň ýokary ekologiki normalara we talaplara gabat gelmelidigini-de belleýär.

Aşgabadyň pozisiýasy

Gepiň gerdişine görä aýtsak, resmi Aşgabat hem azeri resmisiniň beýan eden pozisiýasyna ýykgyn edýär.

Ýatladyp geçsek, şu hepdäniň başynda Russiýada geçen Hazar boýunça dördünji sammitiň dowamynda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow energiýa meselelerinde hazarýaka döwletleriň arasynda “düýpli düşünişmezlikleriň” ýokdugyny nygtap, bu ugurda çözülmedik meselelere “syýasy äheň” berilmegine garşydygyny aýtdy.

G.Berdimuhamedow munuň Hazaryň aşagyndan gazgeçirijini çekmek meselesine hem degişlidigini belläp, bu ugurda ählumumy ykrar edilen halkara düzgünlere esaslanmalydygyny belledi.

Türkmen lideri gazgeçirijileri çekmekligiň turbageçirijiniň geçýän ýurtlarynyň özygtyýarly hakydygyny we onuň şol döwletleriň razyçylygy esasynda amala aşyrylmalydygyny-da nygtady.

Şol bir wagtda türkmen lideriniň çykyşy bilen birlikde Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçihanasy hem metbugat ýygnagyny geçirip, onuň dowamynda iliçhananyň 1-nji sekratary Batyr Rejebow “[Türkmen] gazyny günbatara eksport etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini we [Aşgabadyň] bu ugurda ähli gyzyklanýan taraplar bilen işleşmäge taýýardygyny” halkara jemgyýetçiligine ýetirdi.

Azeri we türkmen resmileriniň gazgeçiriji meselesini turbageçirijiniň gönümel öz üstünden geçýän ýurtlaryň “çözmelidigini” we bu meseläniň “syýasylaşdyrylmaly” däldigini aýtmagynyň esasy sebäbi, gös-göni resmi derejede aýdylmasa-da, Russiýa bilen Eýranyň bu proýekte garşy çykmagy bilen baglydygyny çaklasa bolar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen gazyny Kaspiniň üsti bilen Günbatara akdyrmaga mümkinçilik berjek Transhazar proýekteine käbir beýleki hazarýaka ýurtlary, has takygy Russiýa bilen Eýran garşy bolup gelýär.

Kreml bu proýektiň amala aşmagy üçin hazarýaka döwletleriň bäşisiniň hem razylygynyň bolmalydygny öňe sürýär. Tähran-da Eýranyň we Sowet Soýuzynyň 1921-nji we 1940-njy ýyllarda baglaşan ylalaşyklarynyň heniz hem öz güýjünde galýandygyny aýdyp, hazarýaka döwletleriň ählisiniň razylygy bolmazdan amala aşyryljak islendik proýektiň bikanundygyny belleýär.

Hazar deňziniň astyndan Azerbaýjana tarap gazgeçiriji turba çekip, türkmen gazyny günbatara akdyrmak baradaky proýekt boýunça baryp-ha 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri gürrüň edilip gelinýär.

XS
SM
MD
LG