Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Mümkinçilik programmasy" grant hödürleýär


Shutterstock. Happy Female Graduate in Cap and Gown Holding Stack of Gift Wrapped Hundred Dollar Bills.
Shutterstock. Happy Female Graduate in Cap and Gown Holding Stack of Gift Wrapped Hundred Dollar Bills.

Amerikanyň Halkara bilim boýunça Türkmenistandaky geňeşi türkmenistanly ýaşlara “Opprtunity program”, ýagny “Mümkinçilik programmasy” arkaly grant hödürleýär. Bu barada gürrüňi gidýän Geňeşiň “americancouncilstm.org” websahypasynda habar berilýär.

Bu grant Birleşen Ştatlaryň kollejlerinde ýa-da uniwersitetlerinde okamak üçin maliýe kömegine zerurlyk duýýan ukyply türkmen ýaşlarynyň başlangyç okuw çykdajylaryny tölemäge ýardam berer.

Gürrüňi gidýän websahypada berilýän maglumata görä, bu granta arza tabşyrmak prosesinde çylşyrymly ýa-da uzaldylan amallar ýok. Grant üçin arza bermäge isleg bildirýän talyplar jikme-jik maglumatlary anyklamak üçin öz ýaşaýan ýeriniň golaýyndaky “EducationUSA” Maslahat beriş merkezinde bilim boýunça maslahatçy bilen habarlaşmaly diýlip, Amerikanyň Halkara bilim boýunça Türkmenistandaky geňeşiniň websahypasynda bellenilýär.

Nähili çykdajylary öz içine alýar?

Birinjiden, bu grant arza tabşyrýan talyplaryň resminamalaryny terjime etdirmek we olary kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklatmak üçin edýän çykdajylarynyň tölegini, Birleşen Ştatlaryň wizasyny almak üçin we onuň bilen ilteşikli edilýän çykdajylaryň we SEVIS-iň tölegini öz içine alýar.

Şeýle-de bu grant arkaly talyplar Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky uniwersitete gitmek üçin howa uçaryndaky gatnawyň tölegi, täze ýerde ýerleşmek üçin bir gezeklik kömek puly, eger ýokary okuw jaýyň kömegi talybyň ähli zerur hajatlaryny üpjün etmese, Amerikanyň akkreditasiýa edilen ýokary okuw jaýy tarapyndan hödürlenilýän kömege goşmaça hökmünde çäklendirilen maliýe taýdan kömek puluny töläp bilerler.

Goşmaça çykdajylar

ABŞ-daky uniwersitetlere girmek üçin talap edilýän TOEFL, SAT, GRE, GMAT, LSAT synaglary tabşyrmagyň bahasy, iki tarapa ýol saparynyň bahasy we zerur bolanda, synagyň tabşyrylýan şäherlerindäki myhmanhanada ýaşamagyň bahasy ýaly çykdajylary hem, agzalýan grant öz içine alýar diýlip, gürrüňi gidýän websahypada bellenilýär.

Bu granty almak isleýän ýaşlara Birleşen Ştatlaryň Aşgabatda Bilim maslahat beriş merkezine ýa-da Türkmenabatdaky, Marydaky, Daşoguzdaky Amerikan burçuna ýüz tutmak maslahat berilýär. Bu merkezleriň adresleri we telefon belgileri barada jikme-jik maglumatlary “americancouncilstm.org” internet adresine girip, alyp bilersiňiz.

Amerikanyň Halkara bilim boýunça Türkmenistandaky geňeşiniň Türkmenistanyň ýokary synp mekdep okuwçylaryna bir okuw ýylyny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okamaga mümkinçilik berýän Flex programmasyna kabul edişligi hem dowan edýär. Flex programmasyna laýyklykda, iňlis dili boýunça geçiriljek testlerde ýeňiş gazanan okuwçylar 2015-2016-njy okuw ýylyny Birleşen Ştatlarynyň mekdepleriniň birinde okamaga we amerikan maşgalasynda ýaşamaga mümkinçilik alarlar.

XS
SM
MD
LG