Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda dutara dil bitiren ussat


Gulamaly Pur Ataýy Eýranda türkmen dutarynyň abraýyny arşa göteren adam.
Gulamaly Pur Ataýy Eýranda türkmen dutarynyň abraýyny arşa göteren adam.

Gulamaly Pur Ataýy Eýranda türkmen dutarynyň abraýyny arşa göteren adam. Ol aýdymlaryny pars dilinde aýtsada, türkmeniň dutaryny bütin Eýrana tanatmagy başardy.

Ömür boýy dutarda meşhur klassiki aýdymlary ýerine ýetiren halypa bagşy ýaňy-ýakynda, 4-nji oktýabrda, 73 ýaşynda dünýäden ötdi.

Ol Eýranyň Turbet Jam diýen ýerinde, 73 ýyl mundan öň dünýä inen obasynda aradan çykdy.

Bu ussat aýdymçy Eýranyň aýdym-saz äleminde uly at-abraýa eýe bolup, uzak ýyllaryň dowamynda ýurduň iň uly sungat sahnalarynda çykyş etdi, onuň çalan sazlary kinofilmlerde ýaňlandy. Ataýy bagşy bütin ömri dutaryny elinden düşürmedi.

Ataýynyň kalbynda dutaryň aýratyn ýeri bardy. Eýranyň “Isna” habar agentligi Ataýynyň dutar barada aýdan sözlerine salgylanyp, şeýle ýazýar: “Dutar kalbyň sesidir, dutar nalyşyň sesidir, dutar ruhuňy joşdurýar, dutar çalnanda sen içiňdäki gopgun harasatdan uj alýarsyň we soňundan, sazyň ahyrynda bolsa ullakan ruhy köşeşmä dolanyp gelýärsiň ”.

Ataýy bagşynyň aýdan aýdymlarynyň ählisinde diýen ýaly saz guraly hökmünde dutar ulanylýar. Onuň miras goýan eserleriniň arasynda “Nowaýy, Nowaýy” diýen aýdymy aýratyn ýatlanmaga mynasypdyr, bu aýdym oňa il içinde uly şöhrat getirdi.

Ussat bagşy Ataýynyň ömrüniň soňky günlerinde boýun we bil agyrysyndan ejir çekendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG