Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Poroşenko serhedi maslahatlaşdy


Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk "Diwar" proýektini barlap görýär. 15-nji oktýabr, 2014 ý.
Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk "Diwar" proýektini barlap görýär. 15-nji oktýabr, 2014 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Orsýetiň we gündogar Uktainanyň arasyndaky serhetde gözegçiligi gowulandyrmagyň ýollaryny maslahat etdiler.

Obama bilen Poroşenko 15-nji oktýabrda telefon arkaly gepleşdiler.

Ak tamyň maglumatyna görä, olar ok atyşygy bes etmek barada geçen aýda Minskde gol çekilen ylalaşygy nähili berjaý etmelidigini maslahat edipdirler. Bu ylalaşyk duşmançylykly duýgulary gowşatsa-da, häzirlikçe ok atyşygynyň soňuna çykyp bilmedi.

Ak tamyň aýtmagyna görä, şeýle-de Obama we Poroşenko energiýa howpsuzlygyny we Ukrainanyň ykdysadyýetini galdyrmak üçin geçirilmeli syýasy reformalary maslahat etdiler.

Obama Ukrainanyň parlamentiniň korrupsiýa garşy göreş boýunça kanun kabul etmegini makullady.

Milandaky duşuşyk

ABŞ-nyň we Ukrainanyň prezidentleriniň arasyndaky bu telefon gepleşigi Orsýetiň prezidenti Waldimir Putiniň Günbatar ýurtlary bilen Ukraina barada geçirjek gepleşiginiň öňüsyrasynda boldy.

Putin 16-njy oktýabrda Milanda Ýewropanyň we Aziýanyň iki günlük sammitine gatnaşýar.

Bu duşuşyk Putine iýul aýyndan bäri, ýagny Ikinji jahan urşunda Ýewropany nasistlerden azat etmek boýunça operasiýalaryň başlanan gününi belläp, Fransiýada geçirilen dabaradan bäri ilkinji gezek Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen duşuşmaga mümkinçilik berýär.

ABŞ we Ýewropa Ukrainadaky hereketleri üçin Moskwa temmi berdi.

Günbatar Orsýeti gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistlere ýarag we esger kömegini bermekde aýyplaýar, Kreml bolsa muny ret edýär.

Serbiýanyň “Politika” gündeligine beren interwýusynda Putin Günbataryň sanksiýalaryny ýazgaryp, olary Orsýeti üzňeleşdirmegi maksat edinýän “manysyz we howaýy” çäre diýip atlandyrdy.

Putin Obamanyň Orsýeti ebola wirusy we “Yslam döwleti” topary bilen bir hatarda adamzada garşy esasy howp hökmünde häsiýetlendirmegini berk tankyt etdi: "Biz öz partnýorlarymyzyň Orsýeti garalamak synanyşyklarynyň peýdasyzdygyna düşünýändigine we esasy ýadro güýçleriniň arasyndaky gapma-garşylyklaryň strategik durnuklylygyna ýetirýän täsirini ýatda saklaýandygyna umyt baglaýarys”.

Merkeliň pozisiýasy

Prezidentiň daşary gatnaşyklar boýunça geňeşçisi Ýuriý Uşakow Putiniň 16-njy oktýabrda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen gepleşip, beýleki liderler bilen hem nahar başynda duşuşjakdygyny aýtdy.

Merkel ok atyşygy bes etmek ylalaşygynyň berjaý edilmeginiň maslahat edilmegine garaşýandygyny aýtdy.

“Men garaýyşlar we Minsk ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegindäki öňegidişlikler barada açyk pikir alşylmagyna garaşýaryn. Biz Minsk ylalaşygyny nädip durmuşa geçirip boljakdygy barada hem gepleşeris” diýip, Merkel Berlinde žurnalistlere aýtdy.

Geçen aýyň aýagynda Merkel söweşleriň dowam edýändigi sebäpli ÝB-niň Orsýete garşy sanksiýalary ýatyrmak meselesine heniz seredip bilmändigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG