Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýagtylyk aýdymçysy


Kerim Gurbannepesow
Kerim Gurbannepesow

Beýik şahyr, XX asyryň görnükli söz ussady Kerim Gurbannepesowyň dünýä inenine 85 ýyl boldy. Şahyryň doglan güni häzire çenli aýratyn dabara bilen bellenmän gelýär. Munuň dürli sebäpleri bar. Ýöne aslynda şahyryň özi doglan gününi beýle bir dabaralandyrmak islemedik bolarly.

Baýrama derek – zähmet

Güýz aýynda, “döwletiň pagta plany haçan dolarka?” diýilýän aladalar başlanan wagtynda, Aşgabatda şahyryň doglan gününiň 50 ýyllygy bellenipdi. Ol bezemen hem kaşaň tomaşa jaýynda däl-de, şol wagtky Bilim jemgyýetiniň zalynda geçdi. Şahyryň adyna hem derejesine garamazdan, dabarany örän resmi ýagdaýda alyp bardylar.

Onda aýdym-saz bolmady. Gülüşýänem, degişýänem ýokdy, çykyşlar, gutlaglar örän guraksydy. Aslynda bolsa Kerimiň goşgularyna Sahy Jepbar ýaly ussat ençeme ajaýyp aýdym döredipdi, Döwletgeldi Ökdirowyň aýdymlary bardy, kompozitorlar Aşyr Kulyýew hem Weli Ahmedow ajaýyp aýdymlar, hatda balet eserini döretdiler. Şol aýdym-sazlaryň hiç biri şahyryň doglan gününiň baýramçylygyny bezäp bilmedi.

Oňa derek şahyr öz öýünde basa oturyp işledi. Bütin döredijiligini ýaňadan gözden geçirdi. Çykan kitaplaryny, kitaba girizilmedik goşgularyny hem terjimelerini daşyna jemledi. Olardan täze kitap döretdi.

Ýedi poemany özünde jemleýän “Ýedi ýaprak” atly iri poeziýa eserleri bir saldamly kitap boldy. Dürli döwürlerde eden terjimelerini “Dostluk çemeni” ady bilen aýratyn kitap etdi.

Iň esasy-da, “Menzil” kitabyna köp zähmet siňdirdi. Kitabyň başyna özi giň sözbaşy ýazdy. Ol ýerde ömür ýoluny hem poeziýa gelşini beýan etdi.
Bu kitap şahyryň ömrüniň 50 ýyllygyna bagyşlanan ajaýyp sowgady boldy.

Ömür hem jogapkärçilik

Eýsem şahyr öz ömrüne, ol ömürdäki belli senelere parhsyz garadymy diýen sowal döreýär. Bu beýle däl. Ol öz ömrüne aşa jogapkärçilikli garaýardy. Sebäbi ömür ýoly onuň durmuşynyň many-mazmunydy. Ömür ýoly ony şöhrada ýetiripdi.

Entek 30 ýaşyny doldurmanka, meşhur “Taýmaz baba” eserini döredip bildi. Bu eser türkmen poeziýasynda täze eýýämiň başyny başlady. Jennet ýaşynda “Türkmenistanyň halk ýazyjysy” diýen belent ada mynasyp boldy. Ol 40 ýaşyny “Kyrk” poemasy hem täze gözlegler esasynda döreden goşgulary bilen garşy aldy.

Şahyryň döredijiliginde täzeleniş pursady saýylýan bu esere edebi jemgyýetçilik dürlüçe garady. Ony goldanlar hem, tankytlanlaram tapyldy.

50 ýaşy üçin ol “Tomus ýazgylary” atly örän şahyrana täze bir eseri okyjylara sowgat etdi. Soňra 60 hem 70 ýaşlaryny-da şeýle üýtgeşik eserler bilen garşy aljagyna söz beripdi.

Şahyr berlen ömre serpaý diýip düşündi hem her sepgidi täze bir mynasyp eser bilen garşylamaga çalyşdy.

Şeýdip, ömür menzillerini Puşkin aýtmyşlaýyn, elden gelmez iş bilen bezedi.

Soňky onlukda

Onuň ömrüniň az hasylly döwri soňky onýyllyk bolsa gerek. Elbetde, belli bir wagt içinde şahyr dymyp hem biler.

Şo döwürde şahyrdan täze eser talap edenlerinde ol şeýle diýipdir. «Öňde bir şahyryň aýdyşy ýaly, “başardygymça-ha ýazasym gelenok, isledigimçe-de ýazyp bilemok.»

Öz ýagdaýyňy boýun almak, uly mertlik, beýleki bir tarapdan bolsa, dymmagy başarmak hem agyr iş. Şol döwürlerde, SSSR-iň içinden çüýreýän zamanynda, hiç bir zat ýazman, dymyp gezen ýazyjy-şahyr köp boldy.
Şahyr adam tebigaty barada şeýle ýazdy:

"Ölüm ýüpi yrgyldap dur üstüňde,
Astyňda-da jygyldap dur eşafot.
Emma sen şonda-da gozganman bilýäň
Dagdanmydyň,
Daşdanmydyň,
Adamzat?

Saňa hat ýazypdyr eziz bir adam,
Üç oýnam yssy söz. Başga hiç zat ýok.
Emma sen şonda-da gozganyberýäň.
Güldenmidiň,
Süýtdenmidiň,
Adamzat?"

Häzirki çäreler

Şahyryň belli günleri dabaraly bellenmese-de, poeziýa baýramçylygy geçirilmese-de, eserleri täze elipbiýde iki gezek çap edildi. Ol okalýar.
K. Gurbannepesowyň döredijiligi orta mekdepde hem ýokary okuw jaýlarynda ýörite sapak hökmünde öwrenilýär.

Aýratyn-da, Eýrandan bolan ildeşlerimiz şahyra uly sarpa goýýarlar.
Türkmensähradan, ýagny Eýrandan bolan her bir türkmen Kerim Gurbannepesowy Magtymguludan soňraky beýik şahyr hasaplaýar.
Olar her ýylyň 1-nji sentýabryny şahyryň hatyra güni hökmünde giňden belleýärler. Kerim Gurbannepes olar üçin ýagtylygyň aýdymçysy saýylýar.
Megerem, bu hakykatdan şeýle bolsa gerek.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy. Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG