Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmen futboluny dünýä tanatjak”


Cehiýa respublikasynyň "FK Baumit Ýablones" futbol komandasynda oýnaýan türkmenistanly futbolçy Ruslan Mingazow (Ýaşyl reňkdäki formada).
Cehiýa respublikasynyň "FK Baumit Ýablones" futbol komandasynda oýnaýan türkmenistanly futbolçy Ruslan Mingazow (Ýaşyl reňkdäki formada).

Ruslan Mingazow – Çehiýa respublikasynyň futbol komandasynda oýnaýan ilkinji türkmenistanly futbolçy diýse-de boljak. 1991-nji ýylda Türkmenistanda doglan Mingazow ilkinji gezek 16 ýaşynda Aşgabadyň “Aşgabat” futbol ýygyndy komandasynda oýnap başlaýar we şol ýyl hem öz komandasynyň Türkmenistanyň Ýokary kubogyny almagyna goşant goşýar.

Şondan soň, ol futbol karýerasyndaky üstünliklerini dowam etdirip, ilki Latwiýanyň futbol komandasynda 4 ýyl, häzirki wagt bolsa Çehiýa respublikasynyň “FK Baumit Ýablones” (FK Baumit Jablonec) futbol komandasynda oýnaýar.

Täze Tolkun gepleşigimiziň şu sanynda Ruslanyň futboldaky üstünligi barada has dolurak maglumat almak üçin onuň bilen söhbetdeş bolduk. Şeýle-de, öz ukyby, zehini bilen karýerasyny daşary ýurtlarda dowam etdirýän käbir meşhur türkmenistanlylar barada hem maglumat taýýarladyk. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

Garaýyşlaryňyza, bellikleriňize aşakdaky teswir bölüminde garaşýarys.

Täze Tolkun: “Türkmen futboluny dünýä tanatjak”
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00
Ýükle

XS
SM
MD
LG