Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Döwlet guşy" pasyrdaýar


"Döwlet guşy" oýnundan bir pursat
"Döwlet guşy" oýnundan bir pursat

Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, 25-nji oktýabrda, paýtagtyň Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda prezident G.Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” romany esasynda goýlan adybir oýnuň, ýokary derejeli türkmen ýolbaşçylary we daşary ýurt myhmanlary üçin ilkinji görkezilişi boldy.

Mundan soň, 29-njy oktýabrdan başlap, bu oýun paýtagtyň baş drama teatrynda adaty tomaşaçylar üçin görkezilip başlandy.

Oýun başlamazyndan ozal sahnanyň arkasyndan bir ses: “Berdimuhamedowyň romanda beýan edilýän kakasynyň çagalyk ýyllarynyň diňe bir ýarym ýylynyň wakalarynyň, ruhy-ahlak sypatlarynyň okyjylaryň kalplaryny heýjana saljakdygyna, olara nemuna-ideal boljakdygyna berk ynanýandygyny” dabara bilen beýan edýär.

Mejbury tomaşaçylyk
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:53 0:00

“Döwlet guşy” atly bu iki sagat töweregi dowam edýän sahna oýunda prezident Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhammedowyň uruş ýyllaryna gabat gelen çagalyk döwri barada gürrüň berilýär.

Oýnuň başynda Berdimuhamet Annaýewiň “bronunyň” bardygyna garmazdan, fronta gidişi barada, fronta gitmek üçin bir mugallym taýýarlamaly bolsa-da, bu şerti aňry ýany bilen bitirip, ýedi mugallym taýýarlandygy barada gürrüň berilýär.

Oýunda ýaş Mälikgulynyň kakasy fronta gidensoň maşgala aladasynyň onuň gerdenine düşendigi beýan edilýär. Şeýle-de, Mälikguly ýaşyna garamazdan ýaşulularyň deňinde obanyň gündelik durmuşyna hem gatnaşandygy görkezilýär. Ýaşulularyň oňa aýratyn syn edýändikleri we onuň özüni alyp barşyna öwgüli sözleri aýdyşlaryna aýratyn üns berilýär.

"Döwlet guşy" oýnundan bir pursat
"Döwlet guşy" oýnundan bir pursat

Oýunda Mälikguly Berdimuhammedowyň adalat ugrunda göreşýändigini görkezýän sahna hem bar. Bu sahnada ol, beýleki ýaşytdaşlary dymyp dursa-da, bugdaý dänesini ogurlan bir gyzyň azatlyga goýberilmegini haýyş edýär.

Oýunda Berdimuhamedowlaryň neberesi barada hem aýdylýar. Bu barada oýnuň baş gahrymanlarynyň biri, prezidentiň atasy Berdimuhamet Annaýew hem aýdýar. Ol öz neberesiniň gaýduwsyz bolandygyny nygtap, şeýle bolmagy öz ogluna hem öwüt edýär.

Sahna oýunda Mälikguly Berdimuhammedowyň öz ýazan goşgularynyň biri hem okalýar. Oýunda bu goşgynyň gazetde çap edilendigi, goşgynyň şol wagt adamlary ýeňişlere iterendigi we şol wagtky ýolbaşçylara ýarandygy görkezilýär.

Bu oýunda, esasan, 1941-45-nji ýyllaryň uruş döwri barada gürrüň gidýändigine garamazdan, oýnuň ahyrynda sahnada birnäçe müň ýyl mundan ozal ýaşap geçen Oguz han we onuň ogullary hem peýda bolýarlar. Prezidentiň dogduk obasy Babarabyň derwezesiniň depesindäki Oguz hanyň heýkellerini ýatladýan bu gahrymanlar sahnada diňe dekorasiýa maksatlary üçin ulanylana meňzeýärler.

"Döwlet guşy" oýnundan bir pursat
"Döwlet guşy" oýnundan bir pursat

Oýun prezidentiň kakasynyň roluny oýnaýan aktýoryň çykyşy bilen tamamlanýar. Ol prezidentiň kakasynyň adyndan “özüniň “döwlet guşunyň”, ýagny Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň hem “döwlet guşy” bolandygyny nygtap, monlogyny jemleýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, teatrda ne oýny goýan režissýoryň, ne-de aktýorlaryň atlary agzalýar… Bu oýna tomaşa etmäge baranlaryň hem ählisi ýokary okuw jaýlarynyň studentleri.

Mälim bolşy ýaly, prezident Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” romany bilen tanyşdyrylyş dabarasy bir ýyl mundan ozal Daşoguzda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gabatlanyp geçirilipdi. Şu döwürde döwlet edaralarynda, döwlete garaşly guramalarda we okuw jaýlarynda bu kitabyň tanyşdyrylyş dabaralaryny, oňa bagyşlanyp dürli derejedäki ýygnaklardyr, masalahatlary geçirmek ýoň boldy.

XS
SM
MD
LG