Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýeden “YD” goşulanlar - Metbugata syn


"Yslam döwleti" ýaragly toparynyň söweşijisi

Hytaý sebitde liderligi ABŞ-nyň elinden alýar we Erkin söwda giňişliginiň döredilmegini teklip edýär. Hytaýyň munuň üçin ummasyz ätiýaçlyk serişdeleri hem bar.

Türkiýeden “Yslam döwleti” ýaragly toparyna 1000 adam goşulypdyr. Olaryň arasynda döwlet işgärleri, studentler, telekeçiler bar.

Pakistanda medresede jyhat öwredýärler. Talybyň aýtmagyna görä, "Hemmämiziň maksadymyz birmeňzeşdir, ýagny korrupsiýasyz we adalatly jemgyýet döretmeklik. Şeýle jemgyýeti döretmekligiň ýeke-täk ýoly – Şerigatdyr".

Dünýä metbugaty bular barada näme ýazýarka?

“Wall Street Journal” gazýetiniň ýazmagyna görä, Hytaýyň baştutany Si Jinping liderligi ABŞ-nyň elinden alýar we özüniň halkara "Marşall maksatnamasyny" yglan edýär. Bir wagt Den Sýao Pin şeýle diýipdir "Hytaý halkara arenada liderlikden daşda durmalydyr. Hytaýyň şeýle ýagdaýy indi taryhda galdy".

Si Jinpingin teklip eden Erkin söwda giňişligi planynyň gerimi ABŞ-nyň goldaýan Trans-Ýuwaş okean hyzmatdaşlygyndan has giň.

Hytaý 40 milliard dollarlyk “Beýik ýüpek ýoly” fonduny döredýär. Bu fond portlaryň, awtomobil ýollarynyň, demir ýollarynyň gurulmagyny ýola goýar. Käbir adamlar Si Jinpingiň bu planyna "Marşall plany" diýip at berýärler. Täze taryhda ABŞ Germaniýany Marşall planyna daýanyp dikeldipdi.

Hytaýyň ummasyz maliýe mümkinçilikleri bar. Hytaýyň 4 trillion dollarlyk ätiýaçlyk serişdesi bar. Ýöne bu serişdäniň aglaba bölegi ABŞ-nyň pes göterimli gymmatly kagyzlaryna, hökümet zaýomlaryna ýatyrylan. Hytaý öz serişdelerinden has tygşytly peýdalanmak isleýär.

Erkin söwda giňişligi Hytaýyň önümlerine talaby ýokarlandyrar. Mundan başga-da Hytaýyň puly ýuan halkara dolanşykdaky pula öwrüler.

Agzalan gazýetiň Hytaýyň ABŞ bilen bäsdeşlige girmekligi barada ýazmagyna görä, Hytaý aslynda iş ýüzünde aziýa ýurtlaryna şeýle ýörelgeler hödürleýär: ýa ABŞ-nyň goldaýan Trans-Ýuwaş okean hyzmatdaşlygy, ýogsa-da Erkin söwda giňişligi.

Ýöne gazýet Hytaýyň awtoritar dolandyrylyşygyna ünsi çekip, ykdysady taýdan ähli bähbitli taraplaryna garamazdan aziýa ýurtarynyň awtoritar hökümetlere ynamsyzlyklarynyň käbir sebäpleriniň bardygyny ýazýar.

Türkiýeden “Yslam döwleti” ýaragly toparyna goşulanlar

“Foreign Affairs” žurnalynyň "Radikal türkler" atly makalasynda ýazmagyna görä, “Yslam döwleti” toparyna meýletin goşulýanlaryň esasy bölegi Alžirden, Marokkodan, Sawud Arabystanyndan, Tunisden we Türkiýeden gelýär. Şeýle ýurtlaryň arasynda Türkiýäniň hem bolmagy hemmeleri gaty geň galdyrýar. Çünki şu wagda çenli hiç haçan türkler “Al-Kaýda” we şuňa meňzeş jyhatçy toparlara goşulmandylar. Radikallyk Türkiýäniň ösen musulman demokratiýa görnüşine gabat gelmeýär.

“Foreign Affairs” žurnalynyň ýazmagyna görä, Türkiýäniň radikallaşmagy soňky ýyllarda yslamçy AK partiýasynyň ýolbaşçylygy astynda Türkiýede jemgyýetçilik guramalarynda we döwlet edaralarynda bolan üýtgeşikligiň netijesidir.

Soňky hasabata görä, “Yslam döwletiniň” ýaragly toparlaryna Türkiýäniň 1000 sany raýaty goşulypdyr. Olaryň 68 sanysy barada jikme-jik maglumatlar bar. Şol 68 adam hakda hemme maglumatlaryň üstünde işlän “Foreign Affairs” žurnalynyň ýazmagyna görä, Yslam döwleti toparyna goşulan türk raýatlarynyň aglaba böleginiň maşgalaly bolmagy geňirgendirýär. 68 adamdan 31 sanysy maşgalaly, öýli-işikli we çagaly, 37 sanysy bolsa öýlenmedikler.

“Yslam döwleti” toparyna goşulan Türkiýe raýatlarynyň arasynda halk wekilleri, telekeçiler, studentler, hökümet we döwlet edaralarynyň işgärleri bar. Olaryň ortaça bilim derejesi Türkiýäniň ortaça bilim derejesinden ýokarydyr.

Türkiýeden “Yslam döwleti” toparyna goşulanlaryň ortaça ýaşy 27-dir. Bu Türkiýäniň özündäki we Siriýadaky kürt milletparazlarynyň arasynda uruşýan meýletinleriň ýaş derejesinden gaty ýokarydyr. Türkiýeden “Yslam döwleti” toparyna goşulanlar haýsy milletdenkä? Olaryň aglaba bölegini kürtler emele getirýär.

Türkiýeden “Yslam döwleti” toparyna goşulan meýletinleriň ýüzden 33 böleginiň Bosniýadan, Çeçenistandan, Owganystandan we Yrak uruşlaryndan tejribeleri bar. Has geň galdyrýan ýagdaý bolsa, olaryň arasynda 17 sanysy radikal yslamçy hereketler sebäpli owal tussaghanada ýatyp çykypdyr, ýöne olaryň hiç biri hiç haçan syýasy işler bilen meşgullanmandyr.

Pakistanda jyhat öwredilýän mekdepler

Usama Bin Ladeniň gahrymandygyny aýdýan mekdepler bar. BBC-niň habarçysy Pakistanda şeýle mekdebe duş gelipdir. Radikallygyň tarapdary bolan molla her gün Bin Ladeniň ideýalaryny takmynan 5 müň çaga ündeýär.

Pakistanyň hökümeti “Talybana” garşy göreş alyp barýar, ýöne talybançylaryň geljek neslini ýetişdirýän mekdepleri ýapmaklygy göz öňünde tutmaýar. Yslamabatda Gyzyl metjidiň ymamy Abdyleziz Gazi şeýle diýýär "Biz “Talybanyň” käbir pikirlerine goşulýarys. Ýöne biz harby tälim bermeýäris. Biz adamlaryň aňyna guýýarys".

Olar aňlary bilen nähili işleýärlerkä?

Gazi şeýle jogap berýär: "Biz jyhadyň prinsiplerini öwredýäris. Okuwdan soň harby tälim alyp-almazlyk talyplaryň öz biljek işi. Biz olary muňa gönükdirmeýäris.

Gazi şeýle ideýalary sekiz sany medresede öwredýär.

Gazi şeýle diýýär: "Usama Bin Laden biziň gahrymanymyzdyr. Ol Amerika garşy aýaga galdy we ýeňiş gazandy. Ol biziň mekdeplerimizi ruhlandyrýar". Medreselerden biriniň kitaphanasy Bin Ladeniň adyny göterýär. Gaziniň sapak berýän medreselerinde 3 müň oglan bilen 2 müň gyz okaýar.

Pakistanda Gazä "Burka molla" diýýärler. "Burka" zenanyň durşy bilen bürenmeklik üçin geýýän eginbaşyna berilýän atdyr. 2007-nji ýylda Pakistanyň hökümet goşunlary radikal metjide harby ýöriş gurnan mahaly ol ýerde heläk bolan 100 adamynyň arasynda Gaziniň ejesi, dogany we ogly hem bar ekeni. Gaziniň özi bolsa burka eginbaşyny geýip, burka bürenip metjitden sypyp bilipdir.

Gaziniň mekdeplerinde okaýanlar näme diýýärkä? Ymamyň mekdebini geçen ýyl tamamlan 24 ýaşyndaky Abdylla şeýle diýýär: "Talyban” Owganystany ýagşy dolandyrýardy. Olar adalatly jemgyýet döredipdi".

Daşlamaklyk jezasy, gyzlaryň çäklendirilen bilim almaklygy barada Bin Ladeniň garaýyşlaryny oňlaýan Abdylla sözleriniň üstüni şeýle ýetirýär: "Biziň hemmämiziň şol bir maksadymyz bar. Korrupsiýa bolmaýan jemgyýet döretmeklik. Biz her bir adama adalat isleýäris. Munuň ýeke-täk ýoly - Şerigat kanunlary bilen Yslam döwletiniň bolmagydyr".

Abdylla mekdebi tamamlan 18 sany ymamdan biri bolar we olar Pakistanyň dürli ýerlerine sapak bermäge giderler.

XS
SM
MD
LG