Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Ýuwaşrak bol, günümi bulama


Karikatura.
Karikatura.

Açyk howa

Şahyrlar Ýylgaý Durdyýew bilen Sapar Öräýew Gogol köçesinde ýazyjylara niýetlenip salynan iki gat kotejlerde (olary iküç ýyllykda ýykdylar) duldegşir goňşydy. Bir gezek Sapar Öräýew “Ýylgaý, aýalyň Zynat bilen dawa-jenjel edeniňde çagalaryňyzyň gohuňyzdan gorkup aglaýan sesleri bize-de eşidilýär. Meň aýalym Arzygülüň käri mugallyma bolany üçin medeniýetli aýal. Ol goh etmezinden ozal çagalary daşara çykaryp, soň men bilen sögüşýär. Seň aýalyň Zynatyň käri lukman. Zynata “Arzygülüň göreldesine eýer” diýseň bolmaýarmy? -diýipdir. Saparyň är-aýal arasyna çöp atmak üçin bu gürrüňi edýänine düşünen Ýylgaý:

-“Açyk howada gezseler, janlary sag bolar” diýip, çagalaryňyzy gezelenje ugradýansyňyz diýen çakym ýalňyş eken-ow -diýipdir.

Aýal mydama aýaldyr

Bir gezek köçedäki telefon budkasyna giren Pyhy Tagan çykar ýerde ondan çykmandyr. Budkanyň ýanynda nobata duranlaryň biriniň sabyr käsesi dolup, “Ýaşuly, gepleşeňogam, trubkany gulagyňa tutup dursuň, budkany boşat” diýip heňkiripdir. Pyhy Tagan süýem barmagyny dodagyna ýetirip:

-Çü-üş, ýuwaşyrak bol, aýalym bilen gepleşýän. Günümi bulama, inim! -diýip ýalbarypdyr.

Sur bagana

Bir gezek ýazyjy Hojanepes Meläýew Garagalpagystana döredijilik iş sapary bilen gitdi. Öwrülip gelende başy sur baganadan tikilen telpekli öwrülip geldi. Saçak başyndaky her üýşmeleň, meýlisde “Garagalpak doganlarymyz şu telpegi sowgat berdi” diýip öwünýärdi. Bir gezegem telpegini maňa uzadyp, “Inim, tä meýlis tamamlanýança telpegi sen geý, nirde gören derejäň” diýip, çetime degmekçi boldy. Onuň telpekli elini yzyna itip:

-Bir haýwanyň derisi beýleki haýwana oňat gelişýär. Özüňe nesip etsin -diýdim. Degişmä düşünýän Hojanepes özgelerden uzak güldi.

Öý salgysy

Ýazyjy Gurbangylyç Hydyrow Aşgabadyň günortasynda “Nohur oba” diýilýän bikanun salynan obada ýaşaýardy. Obadaky jaýlar üsti-üstüne salynandy. Köçe, gaýry tas ýokdy. Bir galamdaşy “Seň öýüňe myhman barjak. Öýüňi nädip tapmaly?” diýip, ondan sorapdyr. Gurbangylyç aga:

-Obada ýaşaýanlaryň menden özgesi nohur urugyndan. Birinji duşan nohurlydan “Fabrikde tikilen jalbar geýýän, üstesine-de ýeke aýallynyň öýi haýsy?” diýip sora, göni elter -diýipdir.

Atyň gulagyna deň

Bir gezek Pyhy Tagan “Harytlar gyt bolup, arzan bolsa gowumy ýa-da bol bolup, gymmat bolsa gowumy?” diýip, edebiýat tankytçysy Saýlaw Myradowdan sorapdyr. Saýlaw:

-Meň üçin-ä atyň gulagyna des-deň, sebäbi jübümde it uwlaýar -diýipdir.

Toplan Amanmyrat BUGAÝEW.

XS
SM
MD
LG