Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropaçy partiýalar sähel öňde


Parlament saýlawlary, Moldowa
Parlament saýlawlary, Moldowa

Moldowa üçin wajyp saýlawlaryň netijesinde sesleriň ählisi diýen ýaly sanalyp, 1-nji dekabrda çap bolan maglumatlara görä, ösüşiň Ýewropa ugruny goldaýan partiýalar öz bäsdeşlerinden biraz öňe saýlandylar.

Orsýetçi ”Sosialistik partiýa” sesleriň köpüsini, ýagny 21.4%-ini aldy, ”Kommunistik partiýa” 17.9% ses alyp, üçünji ýerde barýar.

30-njy noýabrda geçirilen saýlawlarda sesleriň 91%-niň sanalmagynda Ýewropa ýykgyn edýän üç partiýa bilelikde jemi 44.55% ses aldylar, ”Liberal-demokratik partiýa” 19.45%, ”Demokratik partiýa” 15.7 we ”Liberal partiýa” 9.4% ses gazandylar. Bu partiýalaryň özara ylalaşan ýagdaýynda 101 orunlyk parlamentde olaryň 54 orny eýelemekleri üçin ýeterlik, emma olaryň arasynda soňky döwürde gapma-garşylyklar dowam edýär.

Ýewropa ýykgyn edýän koalisiýanyň bölegi bolan ”Liberal-demokratik” we ”Demokratik partiýalar” 2009-njy ýyldan bäri ýurdy dolandyryp gelýärler hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen iýun aýynda Assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekip, Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin mümkinçilikleri giňeltmäge çalyşýarlar.

Liberallar koalisiýany geçen ýylda terk etdiler we oppozisiýa geçdiler.

Moldowanyň premýer-ministri Lurie Lença 30-njy noýabrda Kişinýowda ses berip, žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda özüniň “Ýewropanyň düzümindäki Moldowa üçin ses berendigini, adalatyň hökmürowanlygyndaky we abadançylykly Moldowa üçin” ses berendigini aýtdy.

Kişinýowyň ýaşaýjylarynyň biri Walentina Sawçuk “Moldowa hiç bir tarapy saýlap almaly däl, ol hem Orsýet, hem ÝB bilen gatnaşyklaryny ösdürip, bitarap ýurt bolup galmaly” diýýär.

Moldowanyň ”Sosialistik partiýasy” ýurduň Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Gümrük Bileleşigine agza bolmagynyň tarapynda çykyş edýär.

Ýurduň uzak wagtlap prezidenti bolan häzir ”Kommunistik partiýanyň” lideri Wladimir Woronin öz partiýasynyň Ýewropa bilen integrasiýa garşy çykyş etmeýändigini aýdýar. Emma Moskwa bilen gatnaşyklary gowulandyrmaklyga çagyrýar we ÝB bilen ylalaşygyň söwda degişli bölegine gaýtadan seredilmegini isleýär.

Moldowanyň milli statistika edarasynyň geçen ýylda çap eden maglumatyna görä, 300 müň moldowaly ýurduň daşynda işleýär. Emma Merkezi bank ýurduň daşynda 700 müň adamyň işleýändigini habar berýär. Moldowanyň diaspora bilen işleşýän agentligi ýurduň daşynda 650 müň moldowalynyň işleýändigini, olardan 300 müň adamyň Orsýetde we 350 müň adamyň Ýewropa Bileleşiginde işleýändigini habar berýär.

XS
SM
MD
LG