Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana neşe geçirjek bolýanlar ‘artýar’


Owgan resmileri soňky döwürde Türkmenistana neşe serişdelerini geçirmek synanyşyklarynyň artandygyny aýdýarlar.
Owgan resmileri soňky döwürde Türkmenistana neşe serişdelerini geçirmek synanyşyklarynyň artandygyny aýdýarlar.

Özbegistanda – ol ýerden soňra Türkmenistana geçirmek planlaşdyrylan – 25 kg geroin ele salyndy. Bu barada Özbegistanyň "Nuz.uz" internet neşiri ýurduň howpsuzlyk gulluklaryna salgylanyp, habar berýär.

Maglumatda bellenişi ýaly, Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň Samarkant welaýatynyň Taýlak raýonynda geçiren operatiw-barlag işleriniň netijesinde welaýatyň bir ýaşaýjysynyň öýünde gizlenip goýlan geroin tapylypdyr.

Özbek internet neşiriniň maglumatyna görä, bu iş bilen bagly tussag edilen üç sany neşe gaçakçylary gürrüňi gidýän 25 kg geroini goňşy Türkmenistana geçirmegi göz öňünde tutandyklaryny boýun alypdyrlar.

Bu wakanyň jikme-jikligi barada Özbegistanyň degişli gulluklaryndan hiç hili kommentariý almak başartmady.

Beýleki ýagdaýlar

Şol bir wagtda soňky döwürde Türkmenistana neşe serişdelerini geçirjek bolan gaçakçylaryň ençemesiniň ele salnandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar.

BMG-niň maglumatlarynda umumy neşe önümçiligi geçen ýylka garanyňda 7% artandygy aýdylýan Owganystandan Türkmenistana diňe soňky bir aýyň dowamynda neşe geçirmek synanyşyklarynyň azyndan dört gezek öňi alyndy.

Ýatladyp geçsek, oktýabr aýynyň ortalarynda Owganystandan Türkmenistana 40 kg gowrak geroini geçirmekçi bolan bir raýat tussag edildi; bu wakadan bir hepde geçer-geçmez 50 kg neşäni, şol sanda 17 kg geroini türkmen-owgan serhedinden aşyrmakçy bolan bir student ele salyndy. Şeýle-de aýry-aýrylykda degişlilikde 75 kg we 90 kg neşe serişdelerini Türkmenistana geçirmekçi bolan gaçakçylar tutuldylar.

Owgan resmileri soňky döwürde Owganystandan Türkmenistana neşe serişdelerini geçirmek synanyşyklarynyň artandygyny aýdýarlar. Türkmenistan bilen serhetleşýän Jowuzjan welaýatynyň polisiýa başlygy Fakrymuhammet Jowuzjany Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde türkmen tarapyna, esasan, tirýek bilen geroin geçirmäge synanyşyk edilýändigini aýtdy.

Maglumat

Türkmenistan öz serhet araçäklerinde ele salynýan neşe serişdeleri barada takyk statistiki maglumatlary çap etmeýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Neşä garşy göreş edarasynyň 2014-nji ýylda çap eden hasabatynda neşe serişdeleriniň, esasan, türkmen-owgan we türkmen-eýran serhetlerinde saklanýandygy aýdylýar. Neşe serişdeleriniň Türkmenistana ýük ýa-da ýolagçy ulaglary, käte hatda adamlaryň ýa-da haýwanlaryň garyn boşlugynda gizlemek arkaly geçiriljek bolunýandygy bellenilýär.

Türkmenistanda häkimiýet başyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçmegi bilen Neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça döwlet gullugynyň döredilmegi, şeýle-de neşe gaçakçylygy bilen baglylykda tussag edilenleriň amnistiýa goýberilmezligi ýaly çäreleriň netijesinde ýurtda neşekeşligiň azalandygy bellenilýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Neşä garşy göreş edarasynyň 2014-nji ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanda neşe serişdeleriniň üpjünçiliginiň kemelmegi netijesinde, beýleki Merkezi Aziýa döwletleri bilen deňeşdirilende, neşe serişdeleriniň bahasynyň ýokarydygy nygtalýar.

XS
SM
MD
LG