Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Milliarder Zukerberg her hepde bir kitap okamakçy


Facebook sosial ulgamynyň gurujysy Mark Zukerberg ýene bir täzelik çykardy.

Ol öz Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda 2015-nji ýylda özüniň her hepdede bir kitap okamaçydygyny habar berdi. Onuň maksady - dürli medeniýetler, ynançlar bilen bir hatarda taryh we tehnologiýa ugurlaryndan has köp maglumatlary öwrenmek.

Mark Zukerberg
Mark Zukerberg

Eger kim-de kim Zukerberge goşulmak isleýän bolsa, onda onuň sosial ulgamdaky "Kitap ýyly" diýen sahypasyna seredip biler. Ol sahypany häzire çenli 125 müňden gowrak adam halaýandygyny belläp, godaw bildiripdir.

2015-nji ýyl üçin saýlanyp alnan kitaplaryň sanawynyň arasynda ilkinji orny döwürdeş dünýäniň tanymal akyldarlaryndan biri hasaplanýan wenesuelaly ykdysadyýetçi hem ýazyjy Moises Naimiň kitaby alýar. Ol kitabyň ady "The End of Power", ýagny "Häkimýetiň soňy".

"Foreign Policy" žurnalynyň owalky redaktory bolan Naimiň ol kitaby döwürdeş dünýädäki düýpli häkimýet özgerişliginden söz açýar.

Häkimýet günbatardan-gündogara, demirgazykdan-günorta, prezident köşklerinden şäher meýdançalaryna, äpet maýadarlar jemgyýetlerinden täze döredilen firmalara, erkek adamlardan aýal-gyzlara geçýär.

Häkimiýetdäki bu düýpli özgeriş häzirki häkimýet ulgamynyň hut öz içinden çüýremegi esasynda durmuşa geçýär.

Kitapda aýdylyşyna görä, häzirki döwürde häkimýete baştutanlyk edýänleriň häkimýeti, ýagny hökmürowanlygy elden gidirmeklik töwekgelçiligi owalkylardan has artyk.

Moisés Naím
Moisés Naím

Naim öz geçiren barlagyna salgylanyp, şeýle pikiri beýän edipdir: kiçi güýçleriň häzirki häkimýetleriň durnuklylygyna garşy hereketleri tiranlary, äpet firmalary, monopoliýalary tagtdan agdarmak bilen aslynda adamlar üçin ynanyp bolmajak täze mümkinçilikleri açýar. Ýöne bu şol bir wagtyň özünde haosa, ýagny pajygaly ýagdaýa hem sebäp bolup biler.

Birinji okaljak kitap barada bildiriş edilenden soň, Associated Press habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, eýýäm bazar güni ”Amazon.com” internet dükanynyň ambarlary kitapsyz taňkyrap galypdyr.

Birnäçe wagt mundan owal Zukerberg, Facebook sosial ulgamyny ulanýanlara ýüzlenip, özüne 2015-nji ýyl üçin şahsy maksadyny kesgitlemäge goldaw bermeklerini haýyş edipdi.

Elli müň adamdan alan tekliplerine we maslahatlaryna esaslanyp, ol geçen hepde, ynha, şeýle sahypa döretdi.

Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan Zukerberg (baýlygy 18 milliýard dollar) hemişe özüni kämilleşdirýär. Ol şol bir wagtyň özünde Hytaý dilini hem öwrenýär.

XS
SM
MD
LG