Çarşenbe güni Aşgabat şäheriniň “Ak Altyn” myhmanhanasynda “NOWÇA” sagaldyş merkeziniň ýardamy bilen şikesli çagalar üçin Täze Ýyl baýramçylygy geçirildi. Onda aýazbabanyň, garpamygyň çykyşlary, tans toparlarynyň çykyşlary görkezildi. Çagalara sowgatlar gowşuryldy.