Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa ýöriş üçin hüşgärligi ýokarlandyrýar


Prezident F.Olland 9-njy ýanwarda fransuz halkyna ýüzlenip, olary demokratiýanyň gymmatlyklaryny goramaga çagyrdy.
Prezident F.Olland 9-njy ýanwarda fransuz halkyna ýüzlenip, olary demokratiýanyň gymmatlyklaryny goramaga çagyrdy.

Fransiýanyň içeri işler ministri, garaşylyşyna görä, 11-nji ýanwarda ekstremistlere garşy birleşigi görkezjek uly demonstrasiýanyň taýýarlanmagy üçin «ähli çäreleriň» görüljekdigini aýtdy.

Bernard Cazeneuve 10-njy ýanwarda hökümetiň Parižde we onuň töwereginde ýerleşdirilen polisiýa hem howpsuzlyk güýçlerine goşmaça ýene-de müňlerçe esgeriň ýerleşdirilýändigini aýtdy.

Bu çäreler Parižde ýaraglary adamlaryň eden hüjümleri netijesinde 17 adam wepat bolanyndan soň görülýär.

Ol şeýle diýdi: "Ýygnanyşygyň howpsuzlygyny kepillendirmek, ol ýere barmak isleýänleriň doly howpsuzlygyny üpjün etmek üçin biziň ähli zerur çäreleri görendigimizi men eýýämden hem aýdyp biljek."

Bu ýygnanyşyga geljek köp sanly dünýä liderleriniň arasynda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron dagynyň hem bolmagyna garaşylýar. Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow oňa gatnaşmagy planlaşdyrýar.

Cazeneuve häzirki pursatda töwekgellikler bilen ýüzbe-ýüz durlandygyny belläp, «adatdan daşary hüşgärlige» çagyrdy.

"Biz häzirki ýagdaýda töwekgellikler bilen ýüzbe-ýüz durus. Pariž sebitinde ýokarlandyrylan we ýurduň galan böleginde hem işe girizilen howpsuzlyk planynyň gelýän birnäçe hepdede ýene güýçlendirilmegi şu sebäpden möhüm" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Onuň bu sözleri fransuz prezidenti Fransua Ollandyň 10-njy ýanwar güni irden adatdan daşary ýygnak geçirmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Bu ýygnak goşa gabawyň pajygaly soňlanmagyndan, 7-nji ýanwarda «Charlie Hebdo» satiriki žurnalynyň ofisinde 12 adamy öldüren iki donganyň öldürilmeginden birnäçe sagat soň geçirildi.

Fransuz güýçleri 9-njy ýanwarda gündogar Parižde ýerleşýän ýewreý supermarketinde satyjylary zamun alan we howpsuzlyk güýçleri zabt edende ölen Amedi Koulibaliniň aýalyny hem gözleýärler.

Haýat Boumeddiene hem «ýaragly we howply» hasaplanýar.

Olland 9-njy ýanwarda fransuz halkyna ýüzlenip, olary ýekşenbe güni «bir-bütewi bolup ör turmaga hem-de demokratiýanyň gymmatlyklaryny, biziň baglanan azatlygymyzy we plýuralizmimizi goramaga» çagyrdy.

Örboýuna galan sorag

Emma ýolbaşçylar ýurdy bir ýere toplanmaga çagyrsalar hem, bu üç adamyň aňtaw gulluklaryna öňden belli bolandygyna garamazdan, olaryň howpsuzlyk torundan nähili ýagdaýda sümüp geçip bilendikleri baradaky sorag örboýuna galýar.

Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Walls ýurduň howpsuzlyk gulluklarynyň «Charlie Hebdo» satiriki žurnalyna garşy gurnalan ganly hüjümiň öňüni almakdaky «aňtaw başarnyksyzlygyny» boýun aldy.

Walls hökümet 7-nji ýanwarda guralan hüjüm mahalynda anyk nämäniň bolandygyny analizlemeli, sebäbi ol ýerde, elbetde, başarnyksyzlyk boldy diýdi.

Ekspertleriň birnäçesiniň aýtmagyna görä, eger howpsuzlyk gulluklary doganlar Çerif we Said Koaçileri ýakynrakdan gözegçilikde saklan bolsalar, hepdelik žurnaldaky 12 adamyň, sekiz žurnalistiň we iki polisiýa ofiseriniň öldürilmeginiň öňüni alyp bolsa-da bolardy.

Fransuz hökümeti ol iki doganyň radikal yslam garaýyşlarynyň bardygyny bilýärdi we Said Kouaçiniň Ýemende bolan wagty arap ýarym adasyndaky «Al-Kaýda» terror topary bilen wagt geçireninden habarlydy.

Emma käbir howpsuzlyk ekspertleri Fransiýada 5 müň çemesi yslamçy ýaşaýar we olaryň hemmesini gözegçilikde saklamak mümkin däl diýýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG