Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama, Kameron: Ekstremizme garşy durarys


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obaman (s) we Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron (ç)
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obaman (s) we Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron (ç)

ABŞ we Britaniýa, geçen hepdede söweşijileriň Parižde 17 adamyň ölümine getiren hüjüminden soň, yslamçy ekstremizme garşy birleşen fronty döretmegi wada berdiler.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň we Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameronyň bu çykyşy Fransiýanyň prezidenti Fransua Holandyň musulmanlar “yňdarmalygyň, fundamentalizmiň we çydamsyzlygyň esasy pidalary” diýen beýanatynyň yzysüre edildi.

Waşingtondaky iki günlük gepleşikleriň öň ýanynda “Times of London” neşiriniň 15-nji ýanwar sanynda çap bolan makalada Obama we Kameron dünýäniň Pariždäki hüjümlere “bir agyzdan” jogap berendigini we özleriniň hiç kime “söz azatlygyny nogtalamaga” ýol bermejekdiklerini aýtdylar.

“Biz özbaşdak fanatikler ýa-da terrorçylykly guramalar bilen ýüzbe-ýüz bolup, ekstremistler tarapyndan gorkuzylmarys” diýip, liderler belleýärler we “biz bu wagşy adam öldürijilere hem olaryň ýoýulan ideologiýasyna garşy söweşeris” diýdiler.

Berlinde Germaniýanyň kansleri Angela Merkel yslamçy ekstremistlere garşy howpsuzlyk çärelerini pugtalandyrmagy wada berdi.

7-nji ýanwarda iki ýaragly adam Fransiýanyň “Charlie Hebdo” satiriki žurnalynyň Pariždäki edarasyna hüjüm etdiler we yslamçy şygarlary gygyryp, 12 adamy, şol sanda žurnalyň baş redaktoryny we karikaturaçylary öldürdiler.

Ýemende ýerleşýän Arap ýarym adasyndaky ”Al-Kaýda” bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we Said hem Cherif Kouachiniň žurnala eden hüjüminiň Muhammet Pygamber üçin “ar alyşdygyny” aýtdy.

Bu žurnala ozal musulman pygamberini ýaňsylaýjy suratlary çekendigi üçin ençeme sapar haýbat atylypdy.

9-njy ýanwarda, üçünji bir ýaragly söweşiji Amedy Coulibaly Parižde ýewreýleriň halal azyk dükanynda birnäçe adamy zamun alanda, dört ýewreý öldürildi.

Coulibaly we doganlar Kouachi şol gün geçirilen operasiýalaryň netijesinde howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürildi.

15-nji ýanwarda Arap dünýäsiniň institutynda eden çykyşynda prezident Fransua Holland radikal yslamyň gapma-garşylyga, garyplyga, deňsizlige we konfliktlere daýanýandygyny belledi we yslamyň demokratiýa bilen utgaşyp bilýändigini aýtdy.

Şeýle-de prezident Fransiýadaky araplara, hüjümleri ýazgaryp, bildiren raýdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Millionlarça adam pidalaryň hatyrasyna 11-nji ýanwarda ýöriş geçirdiler. “Çarle Hebdo” zurnalynyň diri galan işgärleri bu neşiriň üstündäki işi dowam etdirerler. Žurnalyň nobatdaky sany 14-nji ýanwarda Fransiýada çapdan çykdy.

XS
SM
MD
LG