Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-owgan serhedi: Sebitde "YD"-y "mesgen tutdy"


"Yslam döwleti" atly toparyň baýdagyny göterip barýan söweşiji.
"Yslam döwleti" atly toparyň baýdagyny göterip barýan söweşiji.

21-nji ýanwarda Owganystanyň paýtagty Kabulda geçirilen owgan senatynyň ýygnagynda ýurduň howpsuzlyk ýagdaýlary barada gürrüň edildi.

Owganystanyň Farýap welaýatyndan owgan senatory Gülmuhammet Rasuli.
Owganystanyň Farýap welaýatyndan owgan senatory Gülmuhammet Rasuli.

Howpsuzlyk güýçleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu diňlenişikde "yslam döwleti" atly söweşiji toparyň esasanda, Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän welaýatlarynda peýda bolup başlandygyna üns çekilip, türkmen-owgan serhedi barada hem durup geçildi.

Şol ýygnaga gatnaşanlardan biri hem Farýap welaýatyndan owgan senatory Gülmuhammet Rasuli bolup, Azatlyk Radiosyndan Şamerdanguly Myrady senator bilen bu barada ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:43 0:00

XS
SM
MD
LG